Türkiýede işsizleriň sany azalýar

Aprel aýynda işsizlik 9 göterime çenli aşaklap, bir öýjükli sanlarda galmaga dowam etdi

130352
Türkiýede işsizleriň sany azalýar

Türkiýäniň Hasabat guramasy aprel aýyna degişli el güýji görkezijilerini yglan etdi.
Şoňa laýyklykda işsizlik aprel aýynda 9 göterime barabar bolan bolsa, işsizleriň sany 2 million 579 müň adama düşdi.
İş üpjünçiligi aprel aýynda 46,1 göterime deň boldy.
İş bilen üpjün edilenleriň sany şol döwürde 26,19 million adama ýetdi.
İş üpjünçiliginiň ýarysy hyzmatlar pudagyna degişli.
Bellige alynman işleýänleriň mukdary bolsa 34,8 göterime barabar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar