Zeýbekji prosent stawkalarynyň aşaklajakdygyny aýtdy

Ykdysadyýet ministri Nihat Zeýbekji prosent stawkalarynyň ýakyn geljekde aşaklamaga başlajakdygyny aýtdy

87350
Zeýbekji prosent stawkalarynyň aşaklajakdygyny aýtdy

Nihat Zeýbekji Deňizli welaýatynda geçiren metbugat ýygnagynda ykdysadyýetde ýetilen sepgit barasynda garaýyşlaryny beýan etdi.
Zeýbeýji “Men şu hepdeden başlap Türkiýede prosent stawkalary garaşylýanyndan has depginli aşaklar we Merkezi bankymyz hem gysga möhletde bazarlaryň prosent stawkalarynyň aşaklamagyny goldaýjy kararlary kabul eder diýip tama edýärin” diýdi.
Türkiýäniň gysga möhletde ýaňadandan 2013-nji ýyldaky ykdysadyýeti joşa getiren, maýa goýumlaryny artdyran, eksporty ösdüren, iş mümkinçiligini giňeldýän prosent göterimlerine ýetjekdigini aýdan ykdysadyýet ministri Nihat Zeýbekji, Türkiýäniň 2014-nji ýylyň ahyrynda adam başyna düşýän milli girdejide 11500 dollardan geljekdigini sözleriniň üstüne goşdy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar