Germaniýanyň paýtagaty Berlinde Türkiýe ýeli ösýär…

Goranyş senagatynda dünýäniň esasy sergilerinden biri bolan Halkara Berlin Kosmos we awiasiýa sergisi İLA-nyň şu ýylky resmi hyzmatdaş ýurdy Türkiýe

70133
Germaniýanyň paýtagaty Berlinde Türkiýe ýeli ösýär…


Sergi şu gün Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel bilen Türkiýäniň transport, deňizçilik we aragatnaşyk ministri Lütfi Elwan tarapyndan açylar.

Goranyş senagatynyň işgärleriniň ünsi 25-nji maýa çenli Germaniýanyň paýtagaty Berlinde bolar.

Serginiň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Berline baran transport, deňizçilik we aragatnaşyk ministri Lütfi Elwan Türkiýäniň soňky ýyllarda goranyş senagatynda gazanan üstünliklerine ünsi çekdi.

Türkiýäniň goranyş senagaty boýunça eksportynyň 1,1 milliard ýewroadan geçendigini nygtan ministr Elwan, Germaniýanyň esasanda Türkiýedäki firmalar bilen ýokary gatnaşyk açmak isleýändigini aýtdy.

Harby, raýat awiasiýasyny we kosmos barlaglaryny öz içine alýan İLA sergisine ýylda azyndan 40 ýurtdan 1200 firma, 230 müň gatnaşyjy we 3600 media işgäri gatnaşýar.

Sergide köp sanly awiafirmalary, enjam, tehniki abatlaýyş firmalary bilen sertifikasiýa guramalarynyň başda durmagynda esasanda awiasiýa we kosmos barlaglaryny alyp barýan guramalar sonky tehnologiýalaryny tanyşdyrmaga pursat alýarlar.

Halkara Berlin Kosmos we awiasiýa sergisinde Türkiýä goranyş senagatynyň öňdebaryjy ýerli firmalary wekilçilik edýär.

“TAİ”, “HAWELSAN”, “Roketsan”, “TÜBİTAK Uzaý” we Türk howaýollary kampaniýalarynyň gatnaşmagynda 865 inedördül metrlik meýdançada myhmanlaryny kabul ederler.

Sergide Türk ýaragly güýçleriniň 2 sany F-16 Solo Türk, 1 sany C-160, 2 sany F-4 we 1 sany AEW uçary hem görkeziler.



Etiketkalar:

Degişli Habarlar