Türkmenistanda Diplomatlaryň Güni Bellenilip Geçildi
Gün mynasybetli “Magtymguly Pyragynyň parahatçylyk taglymaty we Bitarap Türkmenistanyň diplomatiýasy” atly halkara maslahat geçirildi.
Maslahatda diplomatiýanyň taryhy, şu günki güni we geljegi hakynda pikir alyşyldy, Halkara gatnaşyklar institutynyň Diplomatik tälim merkezi bilen Diplomatlar taryhynyň muzeýi açyldy.
Diplomatlaryň güni mynasybetli Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylyk etmeginde geçirilen çärelere BMG-niň resmileri bilen diplomatik wekilhanalaryň wekilleri gatnaşdylar.
Çärede çykyş eden Raşid Meredow türkmen diplomatlarynyň kärdeşleri bilen parahatçylyk, dostluk we hyzmatdaşlyk arkaly durnuklylygyň ýola goýulmagy üçin tagalla edýändiklerini nygtap, Magtymguly Pyragynyň pelsepewi mirasyna eýe çykýandyklaryny beýan etdi.
Halkara maslahata gatnaşan Türkiýäniň Türkmenistandaky İlçisi Ahmet Demirok bolsa iki ýurduň gatnaşyklary hakynda durup geçip, Magtymguly Pyragynyň ündewleriniň berjaý edilmegini isledi.