Türkmenistanyň Daşary Işler Ministri Owganystana Iş Saparyny Gurady

Duşuşykda türkmen we owgan firmalarynyň hyzmatdaşlygynda durmuşa geçirilýän taslamalar hakynda pikir alyşyldy.

2077931
Türkmenistanyň Daşary Işler Ministri Owganystana Iş Saparyny Gurady

Iş sapary bilen Owganystana baran Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow, Owganystanyň Daşary işler ministriniň wekili Amir Han Mottaki bilen duşuşdy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginden berlen beýannama görä, Ministr Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Owganystanyň Hyrat welaýatyna iş saparyny gurady.

Meredow saparynyň çäginde Owganystanyň Daşary işler ministriniň wekili Amir Han Mottaki bilen duşuşdy.

Duşuşykda türkmen we owgan firmalarynyň hyzmatdaşlygynda durmuşa geçirilýän taslamalar hakynda pikir alyşyldy.

Türkmen wekiliýeti, Dag-magdan senagaty ministri Şahabutdin Delawar hem-de Söwda we senagat ministri Nuretdin Aziz bilen hem duşuşdy.

Taraplar, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan ýokary woltly elektrik geçiriji taslamasynyň amala aşyrylmagynyň häzirki ýagdaýy, Owganystanyň demirýol infstrukturasynyň giňeldilmegi meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.



Degişli Habarlar