Bir Guşak-Bir ýol Taslamasy Öz Netijelerini Berýär

Hytaý bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda “Bir guşak-Bir ýol” taslamasynyň çäginde edilýän hyzmatdaşlyk ilkinji miwelerini berdi.

1879446
Bir Guşak-Bir ýol Taslamasy Öz Netijelerini Berýär
“Tek Kuşak, Tek Yol Projesi” İlk Meyvelerini Verdi (3).jpg
“Tek Kuşak, Tek Yol Projesi” İlk Meyvelerini Verdi (2).jpg
“Tek Kuşak, Tek Yol Projesi” İlk Meyvelerini Verdi (5).jpg
“Tek Kuşak, Tek Yol Projesi” İlk Meyvelerini Verdi (4).jpg
“Tek Kuşak, Tek Yol Projesi” İlk Meyvelerini Verdi (6).jpg
“Tek Kuşak, Tek Yol Projesi” İlk Meyvelerini Verdi (7).jpg

Taslamanyň netijesinde sebit ýurtlarynyň ulaglar we logistika ulgamlarynda maýa goýumlar artan bolsa, Hytaý bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda mukdary ýylyň 7 aýynda 53,4 göterim ösdi.

Hytaý bilen günbatar ýurtlarynyň arasyndaky söwda gatnaşyk ugruny aňladýan Ýüpek Ýolunyň taryhy gadymy döwürlere çenli uzap gidýär. Soňky döwürde täsiri azalan hem 2013-nji ýylda Hytaýyň döwlet Başlygy Si Sizinpin tarapyndan başladylan “Bir guşak-bir ýol” taslamasy bilen bilelikde Ýüpek ýolunyň gaýtadan dikelendigi görülýär.

Taslama bilen sebit ýurtlarynyň ulaglar we logistika pudaklarynda maýa goýumlar artdy. Eksportuň ösmegine goşant goşdy. Türkmenistanyň metbugatynyň Hytaýyň Gümrük edarasyndan alan maglumatyna görä adybir taslama bilen bilelikde Hytaýyň we Orta Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky söwda mukdarynyň ösendigi, Türkmenistan bilen bolsa 53,4 göterime ýetendigi beýan edilýär.

Orta Aziýa, Hytaý we Ýewropa ýurtlarynyň arasynda ýük otlusy ugry boýunça möhüm ähmiýete eýe. Taslama bilen bilelikde Hytaý bilen günbatar ýurtlarynyň arasndaky ulag geçelgesinde haryt gatnatmagyň möhleti bäş esse aşaklan bolsa, 57,000-den gowrak otly sapary amala aşyryldy.

Orta Aziýa ýurtlary bilen hytaýyň arasynda 1992-nji ýylda 460 million dollara barabar bolan söwda mukdary, geçen ýyl 50 milliard dollara ýetdi. 2030-njy ýyla çenli bolsa 70 milliard dollara ýetmegine garaşylýar.

“Bir guşak-bir ýol” taslamasy Türkiýäniň degişli bolmagynda 65 ýurtlarda 4,5 milliarda barabar adam bilen bilelikde milli girdejiniň 40 göterimini öz içine alýar.

 



Degişli Habarlar