Türkmenistan Energetika bazary boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmek isleýär

Türkmenistanyň Döwlet baştutany Serdar Berdimuhamedow, Gyrgyzystanda geçirilen Orta Aziýa ýurtlarynyň Döwlet baştutanlarynyň sammitine gatnaşdy

1858346
Türkmenistan Energetika bazary boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmek isleýär
Türkmenistan Enerji Pazarında İşbirliğini Genişletmek İstiyor 2.jpg
Türkmenistan Enerji Pazarında İşbirliğini Genişletmek İstiyor 3.jpg

Sammitde çykyş eden Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň sebitde energiýa üpjünçiligini artdyrmaga taýardygyny habar berdi.

Orta Aziýa ýurtlarynyň Döwlet baştutanlarynyň sammiti Gyrgyzystanyň Döwlet baştutany Sadyr Japarowyň ýer eýeçilik etmeginde ýurduň Çolpon-Ata şäherinde geçirildi.

4-nji gezek geçirilen sammite Täjigistan, Özbegistan we Gazagystan döwletleriniň baştutanlary bilen birlikde türkmen lider Serdar Berdimuhamedow hem gatnaşdy.

Sammitde Orta Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky syýasy, söwda, ykdysady, transport, logistika, medeni we beýleki ugurlardaky hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi bilen birlikde sebitleýin howpsuzlyk meseleleri boýunça pikir alyşyldy.

Sammitde çykyş eden Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň sebitde energiýa üpjünçiligini artdyrmaga taýardygyny habar berdi. Häzirki wagtda Türkmenistan-Özbegistan-Gazagystan-Hytaý tebigy gaz geçiriji turba taslamasynyň işleýändigini ýatladan Serdar Berdimuhamedow, energiýa pudagy boýunça hyzmatdaşlygy dowam etdirmek we giňeltmek mümkinçiliklerine ünsleri çekdi. Sebitde telekeçilik mümkinçilikleriniň durmuşa geçirilmegi üçin amatly şertleriň döredilmegini teklip eden türkmen lider, Orta Aziýa ýurtlaryndaky içerki syýasy ýagdaýy durnuksyzlaşdyrmak synanyşyklarynyň sebitiň ýurtlary üçin esasy howpdugyny beýan etdi.

Sammitiň sebitleýin hyzmatdaşlygy has hem güýçlendirmegine täze bir itergi bermegine garaşylýar.



Degişli Habarlar