Aşgabatda Bütindünýä Welosiped güni mynasybetli çäre geçirildi

Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG-nyň Baş Assambleýasy tarapyndan yglan edilen Bütindünýä Welosiped güni Aşgabatda giňden bellenilip geçildi

1838510
Aşgabatda Bütindünýä Welosiped güni mynasybetli çäre geçirildi
Aşkabat’ta Sağlık için Pedal Çevrildi 3.jpg
Aşkabat’ta Sağlık için Pedal Çevrildi 4.jpg
Aşkabat’ta Sağlık için Pedal Çevrildi 5.jpg

Çärede Türkmenistanyň Döwlet baştutany Serdar Berdimuhamedow  bilen birlikde köp sanda adam saglygy goramak maksady bilen welosiped sürdi.

Türkmenistanyň başlangyjy bilen yglan edilen Bütindünýä Welosiped güni mynasybetli Aşgabat şäherinde köpçülikleýin welosiped çäresi geçirildi. Köçeler we meýdanlar tigirler bilen doldy.

Çärä ýurduň Döwlet baştutany Serdar Berdimuhamedow başda bolmak bilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň agzalary, deputatlar, döwlet edaralarynyň we kärhanalaryň işgärleri we talyplar gatnaşdylar.

Jemgyýetde saglykly ýaşaýyş düşünjesiniň ornaşdyrylmagy we daşky gurşaw goramak maksady bilen geçirilen welosiped çäresi Köpetdag dagynyň eteginde başlady, çäre Aşgabat şäheriniň merkezindäki Ruhyýet köşgüniň öňünde tamamlandy.

2018-nji ýylda BMG-nyň Baş Assambleýasynda Türkmenistanyň başlangyjy esasynda 3-nji iýunyň Bütindünýä Welosiped güni hökmünde yglan edilen karar kabul edildi.

Şu ýylyň mart aýynda hem Tükmenistanyň BMG-nyň Baş Assambleýasyna hödürlän teklipde köpçülikleýin ulag serişdeleriniň arasyna welosipediň ulanylmagynyň goşulmagy baradaky karar sesleriň köplügi bilen kabul edildi.



Degişli Habarlar