Tükmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenbaşy portyna bardy

Türkmenistanyň Döwlet baştutany Serdar Berdimuhamedow, Ministrler kabinetiniň mejlisiniň maslahatyny Balkan welaýatynda geçirdi we ondan soň Halkara Türkmenbaşy portyna bardy

1813852
Tükmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenbaşy portyna bardy
türkmen lider Türkmenbaşı Limanını Ziyaret  3.jpg
türkmen lider Türkmenbaşı Limanını Ziyaret  4.jpg
türkmen lider Türkmenbaşı Limanını Ziyaret 2.jpg

Türk we türkmen kärhanalary tarapyndan bilelikde gurulan Halkara Türkmenbaşy portynda geçen ýyl 2,8 million tonna önüm eksport we import edildi.

Türkmenistanyň Döwlet baştutany Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatynyň ykdysady mümkinçilikelriniň artdyrylmagy we sebitdäki transport, logistika we sosial infrastruktura desgalarynyň has hem täsirli ýagdaýda ulanylmagy maksady bilen Ministrler kabinetiniň mejlisiniň maslahatyny Balkan welaýatynda geçirdi we ondan soň Halkara Türkmenbaşy portynda resmilerden maglumat aldy.

Ýurdyň eksport mümkinçiliklerini artdyrylmagynda portyň ähmiýetini belläp geçen türkmen lider, portyň eksport-import amallarynyň ýeňilleşdirilmegi üçin birnäçe görkezme berdi. Ýurdyň transport we logistika infrastrukturasynyň özgerdilmeginiň halkara gatnaşyklaryň ösdürilmegi üçin giň mümkinçilikler döredýändigini mälim etdi.

Ýewropa-Kawkaz-Aziýa söwda ýolunyň ugrunda ýerleşýän Halkara Türkmenbaşy porty geosyýasy ýerleşişi taýdan döwrebap Ýüpek ýolunyň aýrylmaz bir bölegini emele getirýär.

Geçen ýyl 2,8 million tonna önümiň eksport we import amala aşyrylan portda ýylda ortaça 1500 gämi kabul edilýär.

3600 metr uzynlygyndaky kenarynda ýylyň dowamynda günüň 24 sagady boýunça ýüklemek we ýükleri boşaltmak işleri amala aşyrylyp bilinýär. 35 müň tonnalyk göwrümindäki ammarlar bilen önümleriň saklanmagyna mümkinçilik döredýär, gämi gurluşyk ussahanasynda bolsa ýylda 30 gäminiň bejeriş we abatlaýyş işleri geçirilip bilinýär.



Degişli Habarlar