Berdimuhamedow Sizinpin Bilen Duşuşdy

Türkmenistanyň döwlet Ýolbaşçysy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaýyň döwlet Başlygy Si Sizinpin bilen duşuşdy.

1774713
Berdimuhamedow Sizinpin Bilen Duşuşdy
TKM 07.02.22. 1.jpg

Netijeli geçen duşuşykda liderler iki dostlukly ýurduň gatnaşyklaryň ýeten sepgidine kanakatlanma bildirdiler.

Döwlet Ýolbaşçysy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň döwlet Başlygy Si Sizinpiniň çakylygyna laýyklykda Pekinde guralan 2022-nji Gyşky olimpiýýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Soň liderler ikiçäk duşuşyk geçirdiler.

Duşuşykda iki ýurduň gün tertibindäki energetikadan senagata, ykdysadyýetden söwda we ulaglar pudagyna çenli stragegik häsýete eýe bolan gatnaşyklar hakynda pikir alyşdylar.

Türkmenistanyň lideri pandemiýanyň agyr şertlerinde olimpiýýa oýunlaryny üstünlikli guran Hytaýyň hökümetini gutlady. Yki ýurduň arasyndaky hem özara hem-de köpugurly derejedäki gatnaşyklaryň ösüş depginine kanagatlanma bildirdi.

Taraplar gelejegy ýokary bolan ykdysadyýetiň we ylymyň beýleki ugurlaryndaky gatnaşyklary hasam ösdürmegiň möhümdigini beýan etdiler. Soňky 30 ýylda özara gatnaşyklaryň strategik ýaranlyk derejesine ýetirilendigi nygtaldy.

Daşary işler ministrligi duşuşygy soňky ýyllarda täze bir häsýete we mazmuna eýe bolan özara bähbitlilige esaslanýan özara hyzmatdaşlygyň gurulmagynda netijeli başlangyç hökmünde häsýetlendirýär.

 



Degişli Habarlar