Hytaýyň we Orta Aziýa ýurtlarynyň Diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy

Hytaý we Orta Aziýa ýurtlary Diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyny belläp geçdiler

1768701
Hytaýyň we Orta Aziýa ýurtlarynyň Diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy
Çin ile Orta Asya Ülkeleri, Diplomatik İlişkilerin 30. Yıl Dönümünü Kutladı 2.jpg

Hytaý Halk Respublikasy bilen Orta Aziýa ýurtlarynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli onlaýn görnüşde maslahat geçirildi.

Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet başlygy Si Szinpiniň ýer eýeçilik etmeginde geçirilen maslahata Tükmenistanyň Döwlet baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow hem gatnaşdy.

Maslahata Türkmenistandan daşary şeýle Orta Aziýanyň beýleki döwletleri bolan Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň hem Döwlet baştutanlary gatnaşdylar.

Maslahatda soňky 30 ýylda amala aşyrylan umumy hyzmatdaşlyklaryň üstünde durulyp geçildi, ikitaraplaýyn bähbide esaslanýan hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi üçin ediljek ädimler barada pikir alyşyldy.

Maslahatda söz sözlän Türkmenistanyň Döwlet baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow, Orta Aziýa ýurtlaryny ykrar eden ilkinji ýurtlaryň biri bolan Hytaýyň Merkezi Aziýada söwda hyzmatdaşlygyny berkitmek üçin möhüm ädimleriň edilendigini beýan etdi.

Sebitdäki güýçli çeşmeleriň, senagat we tehnologiki esaslaryň ykdysady hyzmatdaşlyk üçin elýetmez şertler döredendigini aýdan türkmen lideri, Gazagystanyň we Özbegistanyň serhetleriniň çäginden geçýän Türkmenistan-Hytaý strategik tebigy gaz geçiriji turba liniýasynyň hakyky hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň aýdyň mysaly bolup durýandigini mälim etdi.

Türkmen tarapynyň "Beýik Ýüpek Ýolunyň abatlanmagy" taslamasy bilen Hytaýyň “Bir guşaklyk bir ýol” taslamasy bilen biri-biri bilen arabaglanşyklydygyny, şol taslamalaryň Ýewraziýadaky ykdysady gatnaşyklara güýçli ýagdaýda itergi berjekdigini habar berdi.



Degişli Habarlar