Türkmen Gazy Azerbaýjana Akdyrylýar

Türkmenistan Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň sammitinde gol çekişilen üçtaraplaýyn ylalaşyga laýyklykda Eýranyň üstaşyr Azerbaýjana gaz akdyrmaga başlady.

1758317
Türkmen Gazy Azerbaýjana Akdyrylýar
TKM 06.01.22. 1jpg.jpg
TKM 06.01.22..jpg

Türkmenistanyň we Eýranyň habar beriş serişdeleriniň habar bermegine görä Eýranyň Nebit ministri Jawad Ouži Türkmenistandan Eýrana günde 4-4,5 million m3 tebigy gazyň gelýändigini aýtdy.

2021-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Aşgabatda geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň sammitinde duşuşan üç goňşy ýurt-Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Eýranyň liderleri tebigy gaz çalşygy boýunça ylalaşyk gazanypdy. Ylalaşyga laýyklykda Türkmenistan Eýranda günde 4-4,5 million m3 tebigy gaz akdyrmaga başlady. Eýran hem şol mukdardaky tebigy gazy serhetde Azerbaýjana satýar. Şeýlelikde türkmen tebigy gazy Eýranyň üstaşyr TANAP arkaly günbatar ýurtlaryna akdyrylmaga başlandy.

Gazanylan ylalaşyga laýyklykda Türkmenistan ýylda 2 milliard m3 tebigy gazy halkara ulgama integrirläre. Häzirki wagtda esasan Hytaýa we Russiýa akdyrylýan türkmen mawy ýangyjy mundan beýläk Eýranyň we Azerbaýjanyň üstaşyr günbatar ýurtlaryna hem akdyrylar. Türkmenistan ýylda 30 milliard m3 tebigy gazy Ýewropa eksport etme mümkinçiligine eýe.

Ylalaşygyň iş ýüzüne geçmeginiň goňşy ýurtlaryň arasynda hyzmatdaşlygyň ösmegine we sebitdäki energiýa howpsuzlygynyň güýçlenmegine goşant goşjakdygy beýan edilýär.

Türkmenistan tebigy gaz ätiýaçlary taýdan dünýäde ilkinji bäş ýurduň hatarynda durýar.



Degişli Habarlar