Aşgabatdaky Türkmen-türk mekdebinde täze okuw ýyly başlady

1998-nji ýyldan bäri hyzmat berýän Aşgabatdaky Türkmen-türk mekdebinde täze okuw ýyly uly şüweleň bilen başlady

1709647
Aşgabatdaky Türkmen-türk mekdebinde täze okuw ýyly başlady
Aşkabat Türkmen - Türk Okulunda Yeni Eğitim Öğretim Yılı Başladı 2.jpg
Aşkabat Türkmen - Türk Okulunda Yeni Eğitim Öğretim Yılı Başladı 3.jpg

Mekdebiň howlusynda geçirilen dabara Türkiýe Respublikasynyň Aşgabat şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi hormatly Togan Oral, ilçiniň Bilim boýunça geňeşçisi Bekir Erdogan, mugallymlar, ene-atalar we okuwçylar gatnaşdylar.

Aşgabat şäherinde ýerleşýän Türkmen-türk mekdebiniň çäginde hyzmat berýän Türk başlangyç synp mekdebi, Türk orta synp mekdebi we Türk Anadoly Liseýi täze okuw ýylyna uly joşgun bilen başlady.

Türkmen-türk Anadoly liseýiniň howlusynda geçirilen dabara hormatly dymyşlyk we iki ýurdyň milli senalarynyň ýerine ýetirilmegi bilen başlady.

Ondan soň bolsa Türkiýe Respublikasynyň Aşgabat şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi hormatly Togan Oral çykyş etdi. Okwuçylara täze okuw ýylynda üstünlik arzuw eden Togan Oral, Türkmen-türk mekdebiniň Türkimenistan-Türkiýe gatnaşyklarynda iki ýurdyň arasyndaky doganlyk gatnaşyklarynyň iň anyk subutnamasydygyny beýan etdi we pandemiýa tapgyrynda girizilen öňüni alyş çäreleriniň dolulygyna berjaý edilmegini isledi.

“Türkmen-türk mekdebi Türkimenistan-Türkiýe gatnaşyklarynda iki ýurdyň arasyndaky doganlyk gatnaşyklarynyň iň anyk subutnamasydyr. Biziň ähmiýet berýän guramamyzdyr we şol sebäpli biz hem idel işgärler hökmünde, ilçihana hökmünde, mugallymlar hökmünde mekdebimize uly ähmiýet bereliň. Geçen ýyl bilime arakesme bermändik. Mekdebimiz hemişe açyk boldy. Emma ol hem gören öňüni alyş çärelerimiziň saýasynda boldy, şol sebäpli şu ýyl hem sizden haýyş edýärin, hem mugallymlardan hem-de çagalardan haýyş edýärin, şol öňüni alyş çärelerini berk berjaý etmek bilen mekdebe gelip-gitmäge dowam edeliň” diýip belledi.

25-i türk, 15-i türkmen mugallym bolan tejribeli kadry bolan mekdepde jemi 417 okuwçy okaýar. 25-nji maýa çenli bilim berjek mekdepden uçurym bolan okuwçylar başda Türkiýe we Türkmenistan bolmak bilen dünýäniň tapawutly ýurtlaryndaky uniwersitetlere ýerleşýärler.



Degişli Habarlar