Aşgabatda Gurluşygy Tamamlanan Taslamlar Dabara Bilen Açyldy

Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna sanalgyja günler galanda ýurtda iş ýüzüne geçirilen taslamalaryň açylyş dabaralarynyň depgini güýçlenýär.

1708126
Aşgabatda Gurluşygy Tamamlanan Taslamlar Dabara Bilen Açyldy
20.09.21. Aşkabat.2 jpeg.jpg
20.09.21. Aşkabat.3 jpeg.jpg

Döwlet münberi, seýilgähleriň we geçelgeleriň açylyşlary dabara bilen amala aşyryldy.

 

Türkmenistanyň Lideriniň başlangyjy boýunça Aşgabatda başladylan uly göwrümli şähergurluşyk taslamasy öz miwelerini berýär.

Aşgabatda ýurduň garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bağyşlanyp dürli medeni çäreleriň geçirilmegi meýilleşdirilýän Döwlet münberiniň kompleksi, 10 gekdar medany bolan “Bürgüt” atlandyrylýan seýilgäh we 4 sany ýerasty geçelgesi bilen söwda merkeziniň açylyşy boldy.

Açylyş dabarasyna Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň başda durmagynda hökümetiň agzalary, halk deputatlary, rektorlar we talyplar gatnaşdylar.

Köpetdag şaýolunyň uğrunda uly göwrümli dabaralar üçi gurlan Döwlet münberiniň kompleksi 20,450 inedördül metr meýdany eýeleýär. Granit we ak mermere beslenýän kompleksde 120 metr uzynlygynda Orta Aziýanyň iň uly led ekrany ýerleşýär.

Açylan desgalarda türk milli motiwlerine we milli bezeglere giň orun berilýär.



Degişli Habarlar