Germaniýanyň Daşary işler ministri Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi

Germaniýanyň Daşary işler ministri Haýko Maas, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

1706477
Germaniýanyň Daşary işler ministri Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi

Germaniýanyň Daşary işler ministri Haýko Maas, Germaniýanyň hökümetiniň adyndan raýatlarynyň Owganystandan guramaçylykly çykarylmagy maksady bilen, uçarlaryň uçuşlarynyň üpjün edilmegi meselesinde hyzmatdaşlyk saklandygy üçin Türkmenistana çuňňur minnetdarlygyny bildirdi. Şol bir wagtda Türkmenistanyň howa giňişligini ulanmak üçin tiz wagtda rugsat bermeginiň, raýatlaryň guramaçylykly ýagdaýda ewakuasiýa edilmeginde kesgitleýji faktor ýagdaýyna gelendigini habar berdi.

Ministrler telefon söhbetdeşliginiň barşynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň edilmegi barasynda pikir alyşdylar.

Esasan hem Türkmenistanyň we Germaniýanyň “Ýaşyl Orta Aziýa” tapgyryndaky ýakyn hyzmatdaşlyklary bilen birlikde iki ýurdyň hökümetleriniň arasynda bilim ugrundaky hyzmatdaşlyga ünsler çekildi.

Taraplar mundan başgada halkara we sebitleýin gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada pikir alşdylar. Owgan meselesi babatynda işjeň bir dialogyň dowam etdirilmegine taýardyklaryny belläp geçdiler. 

Ministrler diplomatik missiýalaryň gatnaşmagynda Türkmenistanyň we Germaniýanyň Daşary işler ministrleriniň arasynda dowamly häsýetde geňeşmeleriň geçirilmäge dowam edilmegi babatynda ylalaşyga geldiler.



Degişli Habarlar