Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow Türkmenistana sapar gurady

Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow Türkmenistana resmi sapar gurady

1666158
Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow Türkmenistana sapar gurady
2.jpeg
3.jpeg

Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow Aşgabat şäherinde saparda boldy.

Türkmen-Gyrgyz Ykdysady forumy we Türkmenistanyň Eksport harytlarynyň sergisine gatnaşan Sadyr Žaparow, Türkmenistanyň işewür adamlaryny Gyrgyzystanyň maýa goýum taslamalaryna gatnaşmaga çagyrdy.

Ozal Türkiýe, Russiýa we sebitdäki beýleki ýurtlara sapar guran Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Türkmenistana ilkinji resmi saparyny gurady. Ilki bilen Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti Saparmyrat Niýazowyň aramgähine zyýarat eden Sadyr Žaparow, soň bolsa Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýadygärligine gül desselerini goýdy we ol ýerde saparynyň hatyrasyna ýaş nahal oturtdy.

Ondan soň Aşgabat şäherinde Türkmen-Gyrgyz Ykdysady forumda gatnaşyjylara ýüzlenip çykyş eden gyrgyz lider, türkmen kärhanalaryny ýurdunda taslamalar durmuşa geçirmäge çagyrdy. Žaparow türkmen we gyrgyz ykdysadyýetiniň we söwdasynyň tizleşmegi babatynda maýa goýum mümkinçilikleriniň bardygyny beýan etdi. Gyrgyz lider energetika pudagynda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň artdyryljakdygyny aýan etdi. Türkmen dokma senagatynyň hem ýurtda gelejeginiň uludygyny aýdan Žaparow, bu ugurdaky kärhanalaryň tejribelerini gyrgyz firmalar bilen paýlaşmagyny isledi.

Aşgabat bilen Bişkekiň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyndan bäri ynsanperwer, medeni we ykdysady gatnaşyklar günsaýyn has hem özgerýär. Iki ýurdyň arasynda häzirki wagta çenli 60 aýry şertnama baglaşyldy. Türkmen-Gyrgyz Işewürler forumynyň çäginde biri-birinden tapawutly ugurlar boýunça bolsa takmynan 30 million dollarlyk ençeme ylalaşyk gazanyldy.



Degişli Habarlar