Aşgabadyň Dogan Şäherleriniň Onlaýn Duşuşygy Geçirildi

Aşgabat şäherinin 140 ýyllygy mynasybetli dost we dogan şäherlerin häkimleriniň maslahaty geçirildi

1643626
Aşgabadyň Dogan Şäherleriniň Onlaýn Duşuşygy Geçirildi
22.05.21.TKM 1.jpg

Maslahata Aşgabadyň dogan şäheri Ankaradan hem wideo ýüzlenme ugradyldy.

Türkmenistanyň Söwda-Senagat birleşmesiniň binasynda geçirilen maslahat Aşgabadyň şäher häkimi Ýaztagan Gylyjowyň çykyşy bilen başlady. Işjeň gatnaşandyklary üçin taraplara sagbolsun aýdan şäher häkimi, Aşgabat şäherinin ajaýyp binagärlik özbolyşlary hakda gürrüň berdi.

Aşgabadyň iri halkara çäreleri durmuşa geçirýan BMG-nin Orta Aziýadaky Öňüni alyş diplomatiýasynyň sebitleýin merkezine ýer eýeçiligini edýändigini nygtan Gylyjow, paýtagtyň syýasy awtoritaryna ünsleri çekdi.

Türkmenistanyň Medeniýet ministri Atageldi Şamyradow bolsa Türkmenistanyň Prezidentinin “Ak Şäherim Aşgabat” kitabyna salgylandy. Aşgabadyn Bütindünýä syýahatçy şäherler federasiýasyna agzadygyny aýdan Şamyradow, paýtagtyn Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen syýahatçylyk merkezleri hakynda maglumat berdi.

Maslahata Aşgabada dogan şäherlerden biri bolan Ankaranyň şäher häkimi Mansur Ýawaş hem wideo ýüzlenme ugradyp, gadymy şäheriň 140 ýyllyk toýuny gutlady.

Maslahata Ankaradan daşgary Stambuldan, Kişinýewden, Pekinden, Wenadan, Bişkekden, Kabuldan, Bakuwdan, Daşkentden, ABŞ-dan, Ýaponiýadan, Hytaý Halk Respublikasyndan, Peterburgdan we Moskwadan wekiller gatnaşdylar.

Gatnaşyjylar Aşgabadyň Orta Aziýanyň iň owadan şäherlerinden biridigini, taryhy geçmişiniň baýdygyny we häzirki wagtda dünýä derejesinde metropola, mili tehnologik ösüş we täzelikleriň merkezine öwrülendigini beýan etdiler. Öz şäherleri bilen bolan özara gatnaşyklara üns çekdiler. Çykyş edenler aýratynam Aşgabat bilen açylan dostluk gatnaşyklaryna we özara düşünişmä aýratyn üns berýändiklerini beýan etdiler.

 



Degişli Habarlar