Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasyna Iş Sapary Bilen Geldi

Prezident Berdimuhamedow Daşkentde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Döwlet Baştutanlarynyň ikinji Konsultatiw duşuşygyna gatnaşar

1314448
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasyna Iş Sapary Bilen Geldi

2019-njy ýylyň 28-nji noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Döwlet Baştutanlarynyň ikinji Konsultatiw duşuşygyna gatnaşmak üçin Özbegistan Respublikasynyň paýtagty Daşkent şäherine iş sapary bilen geldi.

Prezidentiň uçary Daşkent şäheriniň Islam Karimow adyndaky Halkara howa menzilinde gondy. Bu ýerde Türkmen Liderini resmi adamlar, şeýle hem Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň agzalary garşy aldylar.

Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda gepleşikler geçiriler. Gepleşikleriň dowamynda iki ýurduň baştutanlary syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda türkmen-özbek gatnaşyklarynyň geljekki ösüşini ara alyp maslahatlaşarlar. 

 



Degişli Habarlar