Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlisiň Başlygynyň, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

1248376
Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

Onuň gün tertibine paýtagtymyzy hem-de welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryny amala aşyrmak, möwsümleýin oba hojalyk işlerini geçirmek, öňde boljak baýramçylyk senelerine we şanly wakalara görülýän taýýarlyk bilen bagly wezipeler, şeýle hem döwlet durmuşynyň beýleki meseleleri girizildi.

Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyny açyp, ilki bilen, göni wideoaragatnaşyga Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowany çagyrdy. Parlamentiň ýolbaşçysy geçen 7 aýyň içinde ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça deputatlar düzümi tarapyndan ýerine ýetirilen işler barada habar berdi.

Bellenilişi ýaly, degişli döwürde milli parlamentiň maslahatlarynyň ikisi geçirildi. Resminamalaryň 55-si, şol sanda Türkmenistanyň Kanunlarynyň 31-si we Mejlisiň kararlarynyň 24-si kabul edildi. Halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň sazlaşykly ösüşini kanunçylyk taýdan üpjün etmäge, giň gerimli özgertmeleri amala aşyrmaga, döwletde we jemgyýetde demokratik özgertmeleri geçirmäge ýardam etjek resminamalaryň taslamalaryny taýýarlamak işleri dowam edýär.

Döwlet Baştutanymyz habary diňläp, sanly ykdysadyýetiň we şonuň bilen bagly ähli zatlaryň täzeçe düzgünleşdirilmegi, täze kanunçylygy talap edýändigini nygtady. Şu meselede biziň nämeden ugur almalydygymyza düşünmek örän möhümdir diýip, milli Liderimiz belledi.

Sebäbi biz ýurdumyzyň öňünde innowasion tehnologiýalary ösdürmek boýunça ýeňil bolmadyk wezipäni goýduk. Ony «sanly ykdysadyýet» maksatnamasy hökmünde häsiýetlendirdik. Öz çykmaly ornumyzy we nokadymyzy kesgitledik diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Ýöne biz şeýle derejä çykmak üçin ähli zat kanun görnüşine eýe bolmalydyr hem-de dürli meýilnamalaryň ýerine ýetirilişine parlamentiň wekilleri tarapyndan gözegçilik etmek zerur we möhümdir diýip hasaplaýarys diýip, milli Liderimiz belledi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Mejlisiň Başlygynyň ünsüni möhüm çärä — Halk Maslahatynyň mejlisini geçirmäge häzirden taýýarlanyp başlamagyň hem-de milli forumyň garamagyna hödürlenjek resminamalaryň taslamalaryny işläp taýýarlamagyň zerurdygyna çekdi.

Soňra milli Liderimiz göni wideoaragatnaşyga Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewi çagyrdy. Häkim paýtagtymyzda alnyp barylýan işler hem-de ony has-da abadanlaşdyrmak, durmuş ulgamyny kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler, käbir iri gurluşyklarda işleriň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmegiň konsepsiýasyny yzygiderli amala aşyrmak bilen bagly meseleleri hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz öňde boljak baýramçylyklar we şanly seneler barada aýdyp, Gurban baýramyna, şeýle hem her ýyl däp bolşy ýaly, täze okuw ýylynyň başynda bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar gününe degişli derejede taýýarlyk görmek barada görkezme berdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Watanymyzyň Garaşsyzlyk gününe bagyşlanyp geçiriljek çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça anyk görkezmeleri berdi. Şol çäreleriň hatarynda täze desgalary ulanmaga bermek mynasybetli dabaralar hem bar.

Şonuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz şäher hojalygynyň ähli gulluklarynyň takyk we sazlaşykly işini üpjün etmegi hem-de tomus paslynyň yssy howasyny nazara almak bilen, ýangyn howpsuzlygynyň düzgünleriniň berjaý edilmegini üns merkezinde saklamagy tabşyrdy. Nobatdaky gyş möwsümine häzirden taýýarlyk görmeli diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahaty Ahal welaýatynyň häkimi S.Berdimuhamedowyň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim welaýatda geçirilýän işler, oba hojalyk pudagynda işleriň ýagdaýy, güýzlük bugdaýyň ekişine we pagta ýygym möwsümine guramaçylykly başlamak boýunça amala aşyrylýan toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem welaýatyň ýaşaýyş-durmuş düzümini kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler, bina edilýän desgalaryň gurluşyk depginleri barada habar berildi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, obasenagat toplumynda möhüm wezipeleri öz wagtynda çözmegiň zerurlygy bilen baglylykda, güýzlük bugdaý ekişine oba hojalyk tehnikalaryny we tohumy degişli derejede taýýarlamagyň möhümdigini belledi. Pagta ýygym möwsümi barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz gowaça ideg etmek boýunça degişli agrotehniki çäreleri ýokary hilli ýerine ýetirmegiň, tabşyrylan hasyl üçin kärendeçi daýhanlar bilen özara hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek boýunça çäreleri görmegiň möhümdigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz welaýatyň täze dolandyryş merkezinde gurluşyk işleriniň barşy bilen gyzyklanyp, bu barada degişli hasabaty sanly wideoaragatnaşyk boýunça geçiriljek nobatdaky maslahatda bermegi tabşyrdy.

Şonuň bilen birlikde, milli Liderimiz Gurban baýramyna, täze okuw ýylynyň başlanmagyna, şeýle hem nobatdaky Halk Maslahatyna hem-de Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 28 ýyllygynyň baýram edilmegine taýýarlygyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek barada görkezme berdi.

Döwlet Baştutanymyz ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň we çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamlaryny gyş möwsümine doly taýýarlamak, durmuş maksatly desgalarda abatlaýyş işlerini öz wagtynda geçirmek barada häzirden alada etmegiň möhümdigini belläp, bu babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Soňra milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyga Balkan welaýatynyň häkimi Ý.Gylyjowy çagyrdy. Häkim welaýatda işleriň ýagdaýy hem-de «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek birinji Hazar ykdysady forumyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Şeýle hem obasenagat toplumynda geçirilýän möwsümleýin işler, gurulýan desgalarda işleriň barşy we depginleri barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz birinji Hazar ykdysady forumynyň ähmiýetini belläp, onuň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek barada degişli tabşyryklary berdi. Bu çäre kenarýaka ýurtlaryň arasynda hem-de gyzyklanma bildirýän ähli daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmäge ýardam eder.

Döwlet Baştutanymyz pagta ýygymy möwsümini we güýzlük bugdaý ekişini üstünlikli geçirmek üçin bar bolan mümkinçilikleri doly ulanmagyň möhümdigini belläp, bu jogapkärli möwsümler hem-de welaýatda oba hojalygyny ösdürmek bilen bagly ähli meseleleriň toplumlaýyn çözülmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Bulardan başga-da, welaýatyň ýaşaýyş-durmuş düzüminiň, inženerçilik-tehniki ulgamlarynyň has-da döwrebaplaşdyrylmagyna, hususan-da, olaryň ýyladyş möwsümine taýýarlanylmagyna aýratyn üns bermek gerek diýip, milli Liderimiz belledi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow baýramçylyk senelerine we ýurdumyzyň durmuşyndaky şanly wakalara, şol sanda Halk Maslahatyna taýýarlygyň ýokary derejesini üpjün etmek boýunça birnäçe görkezmeleri berdi.

Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradow öz nobatynda göni wideoaragatnaşyk boýunça welaýatda geçirilýän işleriň barşy, obasenagat toplumynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, pagta ýygymyny we güýzlük bugdaý ekişini guramaçylykly geçirmek boýunça görülýän çäreler, gurluşyk meýdançalarynda işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz öňde boljak möhüm möwsümlere taýýarlyk görmegiň esasy ugurlary barada aýdyp, oba hojalyk tehnikalarynyň ulanyş ýagdaýyny üpjün etmegiň hem-de ähli degişli düzümler bilen ylalaşykly işlemegiň möhümdigini belledi. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, pagta ýygymy hem-de geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişi amatly möhletlerde we ýokary hilli geçirilmelidir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatda gurulýan desgalaryň gurluşygyny öz wagtynda tamamlamagyň möhümdigini belläp, ýurdumyzyň baş baýramçylygyna gabatlanyp ulanylmaga beriljek täze desgalarda we binalarda işleriň barşyna ünsi çekdi. Şeýle hem häkime ýetip gelýän ählihalk baýramçylygyna — Gurban baýramyna, täze okuw ýylynyň başlanmagyna we Halk Maslahatyna taýýarlyk görmek boýunça anyk görkezmeler berildi.

Bulardan başga-da, welaýatyň ýyladyş ulgamlaryny gyş möwsümine taýýarlamak gerek, ol aýratyn-da, durmuş maksatly desgalara degişlidir diýip, milli Liderimiz belledi.

Soňra sanly wideoaragatnaşyga Lebap welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew çagyryldy. Häkim welaýatda işleriň ýagdaýy barada aýdyp, pagta ýygymy möwsümine hem-de güýzlük bugdaý ekişine taýýarlyk görmek meseleleri boýunça, oba hojalyk pudagynyň önümçilik kuwwatyny artdyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem gurulýan desgalaryň öz wagtynda ulanylmaga berilmegi, umumymilli baýramçylyklara we täze okuw ýylynyň başlanmagyna gabatlanyp geçiriljek çäreleriň guralyşy barada habar berildi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ekerançylyk pudagyna öňdebaryjy tehnologiýalary baý milli tejribe bilen utgaşdyryp işjeň ornaşdyrmak, daýhanlaryň öndürijilikli zähmet çekmegi üçin ähli şertleri döretmek barada oýlanyşykly çäreleri görmegi tabşyrdy.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz welaýatda pagta ýygymyna hem-de güýzlük däne ekişine örän ykjam taýýarlyk görmegi tabşyryp, şol işleri bellenilen agrotehniki kadalara we şu günüň talaplaryna laýyklykda geçirmegiň ähmiýetini belledi.

Şol işler bilen birlikde, welaýaty durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek meselelerine berk üns bermeli. Bu barada aýtmak bilen, milli Liderimiz öňde boljak baýramçylyklara döwletiň we jemgyýetiň durmuşyndaky şanly wakalara taýýarlygyň ýokary derejesini üpjün etmek boýunça görkezmeleri berdi.

Soňra sanly wideoaragatnaşyk boýunça geçirilýän iş maslahatynda Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew çykyş etdi. Ol welaýatda alnyp barylýan işler, öňde boljak oba hojalyk möwsümleri bilen bagly guramaçylyk meseleleriniň çözülişi, dürli maksatly desgalaryň gurluşygynyň barşy barada habar berdi.

Ýurdumyzyň beýleki welaýatlary ýaly, bu sebitiň hem daýhanlarynyň we mehanizatorlarynyň öňünde jogapkärli wezipäniň — ýetişdirilen «ak altyny» gysga möhletlerde we ýitgisiz ýygnamak hem-de bugdaý ekişini ýokary hilli geçirmek wezipesiniň goýlandygyny aýdyp, milli Liderimiz obasenagat toplumynyň ähli düzümleri bilen netijeli gatnaşykda bu möhüm möwsümlere toplumlaýyn taýýarlyk işini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häkime desgalaryň gurluşygynyň depginlerini güýçlendirmek, aýratyn-da, Garaşsyzlyk gününiň hormatyna ulanylmaga beriljek desgalaryň gurluşygyny çaltlandyrmak, ýyladyş ulgamlarynyň ulanyş ýagdaýyny hem-de olaryň gyş möwsümine taýýarlygyny üpjün etmek, zerur bolan abatlaýyş işlerini geçirmek barada häkime degişli görkezmeleri berdi.

Gurban baýramyna, täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli çärelere we beýleki möhüm wakalara taýýarlyk görmek boýunça aýratyn tabşyryklar berildi.

Döwlet Baştutanymyz sanly aragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatyny dowam edip, häkimlere ýüzlenip, esasy agrotehniki çäreleriň ählisiniň geçirilendigini, gowy pagta hasylynyň ösdürilip ýetişdirilendigini nazara alyp, olara 19-njy awgustdan 1-nji sentýabra çenli dynç almaga rugsadyň berilýändigini habar berdi. Bu Aşgabat şäheriniň häkimine hem degişlidir.

«Türkmenistanda 2020-nji ýylda bugdaýyň bol hasylyny öndürmek hakyndaky» Karara gol çekmek bilen, milli Liderimiz özümiziň azyk howpsuzlygymyzy üpjün edendigimizi göz öňünde tutup, geljek ýyl galla ekiljek meýdanlaryň möçberiniň azaldylýandygyny belledi. Eksport edýän önümlerimiziň möçberini artdyrmak hem-de ýurdumyzy senagat taýdan ösdürmek boýunça kabul eden maksatnamalarymyzdan ugur alyp, galladan boşan meýdanlar gowaça ekmek üçin berler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglygyny hem-de berkarar Watanymyzyň gülläp ösmeginiň we halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmegiň bähbidine alyp barýan işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi. (TDH)



Degişli Habarlar