"Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek" atly maslahata gatnaşyjylara

Hormatly halkara maslahata gatnaşyjylar!  Gadyrly myhmanlar!

1179487
"Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek" atly maslahata gatnaşyjylara

Sizi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynda ak mermerli paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçirilýän Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebitiniň «Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek» atly ýokary derejeli halkara maslahatynyň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmekde, ilatyň saglygyny goramakda, dürli keselleriň öňüni almakda uly üstünlikler gazanyldy we belent sepgitlere ýetildi. Eziz Diýarymyzda her bir adamyň saglygyny gorap saklamak we berkitmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Berkarar döwletimizde saglygy goraýyş edaralarynyň mümkinçiliklerini doly ulanmak, olaryň ösüşini netijeli peýdalanmak we innowasion ugurlara gönükdirmek, saglygy goraýyş ulgamyny halkara ölçeglere laýyk getirmek boýunça tutumly işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda ynsanyň beden we ruhy saglygyna zyýan ýetirýän neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy barlyşyksyz göreş alyp barmak baradaky milli maksatnamamyz üstünlikli amala aşyrylýar. Halkymyzyň arasynda dürli keselleriň öňüni almaga, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz-nesihat etmäge uly üns berilýär.

Türkmenistanda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň talaplaryna laýyk gelýän saglygy goraýyş ulgamyny döretmek hem-de kämilleşdirmek doly amala aşyryldy. Aýratyn-da, çagalaryň we eneleriň saglygyny goramak, köp ýaýraýan keselleriň ep-esli derejede azalmagyny, ýokanç we ýokanç däl keselleriň sanynyň düýpgöter kemelmegini gazanmak, sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmegi milli aýratynlyklara laýyklykda durmuşa ornaşdyrmak, dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýokary tehnologiýaly hassahanalaryň gurulmagy türkmen lukmançylygynyň milli ýörelgesiniň kemala gelendigini aýdyň görkezdi.

Saglygy goraýşyň milli aýratynlyklarynda nahar duzuny ýod, unuň düzümini demir we foliý turşusy bilen baýlaşdyrmak döwrebap täzelikler boldy. «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda ýurdumyzda alnyp barylýan içeri syýasatyň saglyga, ilatyň ýaşaýyş-durmuş goraglylygyna gönükdirilendigini aýratyn bellemek isleýärin. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmekde gazanylan üstünlikler dünýä jemgyýetçiligi we halkara guramalar tarapyndan ykrar edildi. Örän gysga döwürde Aşgabat şäherinde, welaýat we etrap merkezlerinde, obalarda iň häzirki zaman keseli anyklaýyş-bejeriş merkezleri, hassahanalar, Saglyk öýleri, «Ene mähri» merkezleri, «Arçman», «Ýyly suw», «Berzeňňi», «Farap», «Baýramaly», «Mollagara», «Daşoguz» we «Awaza» şypahanalary ulanmaga berildi. Türkmen topragynyň müň bir derde derman otlaryndan, ösümliklerinden derman serişdelerini öndürýän kärhanalar döredildi. Dünýäniň iri lukmançylyk merkezleri, ylmy-barlag edaralary bilen köpugurly hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezlerinden başlap, stadionlar, iri sport toplumlary, seýilgähler gurlup, sagdyn ýaşaýyş-durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak boýunça uly işler alnyp baryldy. Bu ägirt uly işler biziň baş maksadymyzyň adam we onuň bagtyýar durmuşda ýaşamagy bolup durýandygyny ýene-de bir gezek aýdyň subut edýär.

Ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynda ösen maglumat we kommunikasiýa tilsimatlaryny giňden ornaşdyrmak arkaly elektron resminamalar dolanyşygy ulgamy döredildi. Bu bolsa pudakda iş ýöretmek we dolandyrmak usullaryny has-da kämilleşdirmäge mümkinçilik berýär.

Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň, Ýewropa Bileleşiginiň we dünýäniň onlarça döwletleriniň arasynda saglygy goraýyş, ylym we bilim ulgamlarynda ygtybarly hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy, dürli okuw kitaplarynyň hem-de gollanmalarynyň neşir edilmegi, öňdebaryjy ylmy-usuly tejribäniň we okatmagyň häzirki zaman usullarynyň ornaşdyrylmagy hem bu ulgamlary döwrebap ösdürmäge ýardam berýär.

Gadyrly dostlar! 
Hormatly myhmanlar!

Ylym we bilim boýunça halkara bileleşik tarapyndan Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetine «Ýewropa hili» diýen abraýly baýragyň berilmegi we lukmançylyk biliminiň Bütindünýä Federasiýasy tarapyndan «Awisenna direktoratlygynyň» Bütindünýä maglumatlar goruna girizilmegi saglygy goraýyş ulgamynda döredilen milli nusganyň halkara bileleşik tarapyndan ykrar edilýändigini görkezýän aýdyň subutnamadyr.

Siz Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebitiniň «Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek» atly ýokary derejeli halkara maslahatynyň çäklerinde Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň paýtagty, Merkezi Aziýanyň iň gözel şäherleriniň biri Aşgabatda bina edilen Halkara saglygy goraýyş merkezlerine, döwrebap orta we ýokary okuw mekdeplerine, ylmy-kliniki merkezlerine baryp görersiňiz. Häzirki döwürde ýurdumyzda raýatlaryň saglygyny goramak ugrunda alnyp barylýan işler, täze tehnologiýalaryň, okatmagyň häzirki zaman interaktiw usullarynyň ornaşdyrylyşy, ýaş nesilleriň ylma we bilime bolan höwesi bilen ýakyndan tanyş bolarsyňyz.

Bu maslahatyň iş meýilnamasyna laýyklykda geçiriljek giň gerimli çäreler bolsa, öz gezeginde, halkara maslahata gatnaşýan döwletleriň wekillerine ýokanç däl keselleriň öňüni almakda we olaryň garşysyna göreşmekde özara tejribe alyşmaga ýardam berer.

Hormatly halkara maslahata gatnaşyjylar! 
Gadyrly myhmanlar!

Sizi Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebitiniň «Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek» atly ýokary derejeli halkara maslahatynyň açylmagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Size berk jan saglyk, uzak ömür, egsilmez bagt, ynsan saglygyny goramak ýaly asylly işleriňizde elmydama üstünlik arzuw edýärin!

Türkmenistanyň Prezidenti 
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW. (TDH)



Degişli Habarlar