Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň serkerdelerine, esgerlerine, gullukçylaryna we harby talyplaryna

Sizi Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň döredilmeginiň 27 ýyllygy we Watan goragçylarynyň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn

1133709
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň serkerdelerine, esgerlerine, gullukçylaryna we harby talyplaryna

Hormatly Watan goragçylary!

Sizi «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilen ýylyň ilkinji günlerinde bellenýän Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň döredilmeginiň 27 ýyllygy we Watan goragçylarynyň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Bu baýram döwletimiziň garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny, çäk bitewüligini we konstitusion gurluşyny gorap saklaýan Ýaragly Güýçlerimiziň merdana gerçeklerine bildirilýän uly ynamyň, çäksiz hormatyň we olar hakda edilýän aladalaryň aýdyň nyşanydyr.

Berkarar döwletimiziň 
Watan goragçylary!

Biz ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak, gazanylan üstünlikleri, ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek, dünýäniň döwletleri bilen hoşniýetli gatnaşyklary ösdürmek, ýaş nesli Watanymyza bolan çäksiz söýgi we wepalylyk ruhunda terbiýelemek, amala aşyrylýan taryhy işleriň ähmiýetini wagyz etmek maksady bilen, 2019-njy ýyly «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýip yglan etdik. Bu ýylda ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, mähriban halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen maksatnamalarymyzy üstünlikli amala aşyrmakda merdana halkymyzyň Watanymyza bolan söýgüsiniň we yhlasly zähmetiniň biziň güýç-kuwwatymyzy has-da artdyrjakdygyna, döwletimizi rowaçlyklara beslejekdigine berk ynanýaryn.

Ýurdumyzy senagat taýdan kuwwatly, durmuş-ykdysady taýdan ösen döwlete öwürmekde, uly ösüşleri gazanmakda we belent sepgitlere ýetmekde Watan goragçylarynyň mynasyp orny bardyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ähli üstünliklerimiziň, ykdysady we medeni-ruhy ösüşlerimiziň, halkymyzyň hal-ýagdaýynyň, durmuş derejesiniň ýokarlanmagynyň binýady bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzy, hemişelik Bitaraplygymyzy ygtybarly goramak, ata Watana wepaly gulluk etmek ýaly mukaddes borç siziň paýyňyza düşýär.

Siziň bu belent borjy hemişe päk ýürek bilen ýerine ýetirjekdigiňize, Watana wepalylygyň beýik nusgasyny görkezjekdigiňize, türkmen halkynyň watansöýüjilik, edermenlik, gaýduwsyzlyk we mertlik ýaly asylly häsiýetlerini harby däp-dessurlar arkaly berkitmekde ukyp-başarnygyňyzy gaýgyrmajakdygyňyza berk ynanýaryn!

Eziz Watanymyzyň 
edermen ogullary!

Biz halkara gatnaşyklarda hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna berk eýerýäris. Dünýäniň döwletleri we halklary bilen dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny alyp barýarys. Bu ýörelgeler mähriban halkymyzyň milli bähbitlerine, Bitarap döwletimiziň daşary syýasy ösüş ugurlaryna doly laýyk gelýär. Döwletimiz bu ugurda dünýä ýurtlary, halkara we sebit guramalary bilen parahatçylygyň we ylalaşygyň pugtalandyrylmagy üçin tagallalary birleşdirýär, özara düşünişmäge hem-de ynanyşmaga esaslanýan gatnaşyklary yzygiderli ösdürýär. Sebäbi bu biziň halkara syýasatymyzyň strategik ugrudyr.

Siz geljekde eziz Watanymyzyň ykdysady hem-de syýasy bähbitleriniň ygtybarly goragyny amala aşyryp, harby kasama ygrarly bolup, döwletimiziň çäk bitewüligini üpjün etmegiň harby-syýasy, harby-ykdysady we harby-strategik esaslaryny kesgitleýän Harby doktrinamyzyň ýörelgelerini, maksatlaryny we wezipelerini üstünlikli berjaý etmelisiňiz. Çünki bu mukaddes borç we jogapkärli wezipe Garaşsyz Türkmenistanyň Watan goragçylaryna ynanylandyr.

«Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgeden ugur alnyp, Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylarynyň we işgärleriniň hem-de olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertleri barha gowulandyrylýar. Şu maksat bilen, täze binalar we desgalar gurulýar. «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda hem has oňaýly ýaşaýyş jaýlaryndan 538 öýüň Watan goragçylaryna berilmegi muňa aýdyň şaýatlyk edýär.

Biz geljekde hem ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň, beýleki goşunlarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge we döwrebaplaşdyrmaga, berkarar Watanymyzyň edermen goragçylary üçin zerur bolan ähli şertleri döretmäge aýratyn üns bereris.

Hormatly Watan goragçylary!

Siz mundan beýläk hem harby borjuňyzy Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Harby doktrinasyna laýyklykda alyp barmalysyňyz, döwletimizi goramagy ähli zatdan belentde goýmalysyňyz, ata Watanymyzyň, mähriban halkymyzyň polat galkany, sarsmaz galasy bolmalysyňyz. Şöhratly taryhymyzda öçmejek yz galdyran merdana pederlerimiziň, ýurt goran gerçeklerimiziň watansöýüjiligini, edermenligini, gaýduwsyzlygyny we mertligini mynasyp dowam etdirmelisiňiz.

Sizi Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň döredilmeginiň 27 ýyllygy we Watan goragçylarynyň güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize berk jan saglyk, uzak ömür, egsilmez bagt, abadan we bagtyýar durmuş, mukaddes harby gullugyňyzda uly üstünlikleri we rowaçlyklary arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti, 
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy 
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

(TDH)



Degişli Habarlar