Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministrini gutlady

Berdimuhamedow Nikol Paşinýana Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri wezipesine bellenilmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi

1127332
Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministrini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow jenap Nikol Paşinýana Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri wezipesine bellenilmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.

Milli Liderimiz öz gutlagynda dostlukly ýurtlarymyzyň arasynda emele gelen hyzmatdaşlygyň hem-de özara düşünişmegiň ýokary derejesiniň halklarymyzyň bähbidine ikitaraplaýyn türkmen-ermeni gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de yzygiderli ösdürilmegi we pugtalandyrylmagy üçin berk esas bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.

Şu mümkinçiliklerden peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministrine berk jan saglyk, parahatçylygyň, dostlukly ermeni halkynyň abadançylygynyň we bagtyýarlygynyň bähbidine jogapkärli döwlet işinde uly üstünlikler arzuw etdi.(TDH)



Degişli Habarlar