Türkmenistanyň Prezidenti Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy

12-nji dekabrda Türkmenistan Halkara Bitaraplyk gününi belledi. Şanly baýramçylyk mynasybetli ýurdumyzyň ähli ýerlerinde dabaraly çäreler geçirilip, olaryň esasysy türkmen paýtagtynda boldy

1106315
Türkmenistanyň Prezidenti Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy

 

 Bu ýerde milli Liderimiziň gatnaşmagynda Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasy geçirildi.

Döwlet Baştutanymyzyň Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň halkyna iberen Gutlagynda bellenilişi ýaly, Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýymyz ählumumy parahatçylygyň we ylalaşygyň pugtalanmagy üçin tagallalary birleşdirýän, özara düşünişmäge hem-de ynanyşmaga esaslanýan gatnaşyklary ýola goýýan döwlet hökmünde berkarar Watanymyzyň dünýädäki abraýyny has-da artdyrýar. Parahatçylygyň we dostlugyň berkarar bolmagy ugrundaky işe goşýan ägirt uly goşandymyzy bütin dünýä ýaýýar. Şoňa görä-de, «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilen ýylda hem bu aýratyn ähmiýetli halkara baýramy Bitarap Diýarymyzyň parahatçylygyň, döredijiligiň we ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe barýandygyny alamatlandyrýan şanly wakalara besläp, syýasatda, ykdysadyýetde, medeniýetde hem-de durmuş ulgamynda gazanýan ajaýyp üstünliklerimizedir belent sepgitlerimize bolan guwanç duýgularymyz bilen garşy alýarys diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Köpetdag jülgesiniň gözel künjekleriniň birinde bina edilen belent ýadygärligiň öňünde aşgabatlylaryň müňlerçesi we daşary ýurtly myhmanlar ýygnandylar. Dabara gatnaşyjylaryň hatarynda Mejlisiň Başlygy we deputatlar, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn düzümleriň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçileri, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň we habar beriş serişdeleriniň wekilleri, hormatly ýaşulular we talyp ýaşlar bar.

Al-asmanda pasyrdaýan ýaşyl baýdaklar, ysy bark urýan dürli reňkli gül desseleri, adamlaryň şadyýan ýüzleri buýsanç hem-de watançylyk duýgusyny döredýän uly baýramçylygyň dabarasyny has-da artdyrýar.

Bu ýere ýygnananlar ady türkmen halkynyň üstünlikleri we gazananlary, şeýle hem ýurdumyzyň abadançylygyna we rowaçlygyna bolan umyt-arzuwlary bilen aýrylmaz bagly bolan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy mähirli garşylaýarlar. Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan syýasat “Döwlet adam üçindir!” diýen ýörelgä esaslanyp, ol mukaddes Garaşsyzlygymyzyň esaslaryny berkitmäge, ýurdumyzy ösüşiň täze belentliklerine çykarmaga hem-de Türkmenistanyň her bir raýatynyň mynasyp, abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Özygtyýarly Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasy hem-de döwlet Baştutanymyzyň öňe sürýän netijeli başlangyçlary ýurdumyzyň halkara giňişlikde eýeleýän ornunyň giňelmegini, abraýynyň has-da artmagyny şertlendirdi hem-de umumy ykrar edilen ylalaşdyryjy merkez hökmünde ýöredýän ugruny berkitdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň edermen esgerleriniň hormat garawulynyň deňi bilen bellenilen ýere barýar.

Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar. Hormatly Prezidentimiz beýik binanyň eteginde oturdylan ýadygärlik daşyna gül çemenini goýýar. Bu beýik bina özygtyýarly döwletimiziň gazanan hemişelik Bitaraplygynyň halkara hukuk derejesiniň müdimiliginiň we mizemezliginiň nyşany bolup durýar.

Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, beýleki dabara gatnaşyjylar milli Liderimiziň göreldesine eýerip, ýadygärligiň etegine gül desselerini goýýarlar.

Bitaraplyk binasyna adamlaryň müňlerçesi gül goýýarlar, toplumyň öňündäki meýdança ysy bark urýan, watançylyk duýgularynyň çuňňurlygyny beýan edýän ajaýyp güllerden dolýar. Türkmen halky ata Watany, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe beýik işleri amala aşyrmak bilen ata-babalarymyzyň asuda topragynda erkin ýaşamak we zähmet çekmek bagty üçin watançylyk duýgusyny başdan geçirýärler.

1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 50-nji ýubileý mejlisinde kabul edilen “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda” ýörite Kararnama dünýä bileleşiginiň ata Watanymyzyň daşary syýasy ugruna beren ýokary bahasynyň aýdyň subutnamasy boldy. Şol ugur halkymyzyň wagyz edýän parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik we açyklyk ýörelgelerine esaslanandyr. Biziň ýurdumyz bu gün Bitaraplygyň mysaly we tejribesi bilen ylalaşygyň we hyzmatdaşlygyň ajaýyp nusgasyny gözleýän adamzadyň hoşniýetli maksatlarynyň amala aşmagyna mynasyp goşandyny goşýar.

2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisinde 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmek hakynda Kararnama biragyzdan kabul edildi. Bu baýramçylygy esaslandyrmak başlangyjyny döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow 2015-nji ýylyň 12-nji dekabrynda türkmen paýtagtynda geçirilen ýokary derejeli halkara maslahatda öňe sürdi. Şol ýyl biziň ýurdumyz bitaraplyk derejesiniň şanly 20 ýyllygyny dabaraly belledi. Aşgabat forumyna gatnaşyjylaryň hatarynda köp sanly myhmanlar hem bolup, olar maslahatyň jemleýji resminamasynda berkidilen bu teklibi biragyzdan goldadylar.

Her ýylyň hut 12-nji dekabrynda Halkara Bitaraplyk gününiň bellenilmeginiň çuňňur manysy bar. Bu sene Watanymyzyň taryhynda aýratyn orun tutýar, çünki şondan biziň Garaşsyz döwletimiziň depginli ösüşiniň täze tapgyry başlandy. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda alnyp barylýan daşary syýasat ýörelgesi, milli Liderimiziň iň abraýly halkara maslahatlaryň münberlerinden yglan edýän döwrüň talap edýän parahatçylyk döredijilikli başlangyçlary bütin dünýäde ýyl-ýyldan barha uly goldawa eýe bolup, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan netijeli hem-de ýokary derejede üstünlikli döwletara gatnaşyklar üçin esas bolup durýar. Ol bolsa adamzadyň bähbitlerine kybap gelýär. Mundan başga-da, hemişelik Bitaraplyk derejesi ýurdumyza ykdysady taýdan gülläp ösüş ýoly bilen ynamly gitmäge mümkinçilik berip, häzirki we geljekki nesilleriň bagtyýar hem-de abadan durmuşynyň kepiline öwrüldi.

Häzirki wagtda Bitaraplygyň türkmen nusgasy sebitde durnuklylygy üpjün etmegiň hem-de netijelilik we özara hormat goýmak esasynda ösüşleri nazarlaýan gatnaşyklary ýola goýmagyň möhüm ýagdaýy bolup hyzmat edýär. Merkezi Aziýa sebitinde esasy orun eýeleýän Türkmenistanyň alyp barýan ähli işi Bitaraplyk filosofiýasynyň özeninde goýlan hakykata, ilkinji nobatda, beýleki döwletleriň içerki işlerine goşulyşmazlyga hem-de parahatçylyk döredijilik maksatlaryna işjeň ýardam bermäge pugta eýermegiň nusgasydyr.

Parahatçylyk söýüjilik, beýleki halklara, olaryň medeniýetine we däp-dessurlaryna hormat goýmak Türkmenistanyň daşary syýasatynyň we diplomatiýasynyň üstüni hil taýdan täze mazmun bilen baýlaşdyrdy. Bu bolsa Bitaraplygyň binýatlyk ugrudyr. Birleşen Milletler Guramasynyň belent ynsanperwer maksatlary döwletler bilen halklaryň arasynda dostlukly, adalatly, deňhukukly gatnaşyklary ýola goýmakdan, ösüşleriň özboluşly ýoluna özara hormat goýmakdan ybaratdyr. Bu bolsa daşary ýurtlaryň Liderleri bilen gatnaşyklary alyp barmakda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasatynyň baş ýörelgeleridir.

Türkmenistanyň, bitaraplyk derejesinden ugur alyp, soňky ýyllaryň dowamynda gyzyklanma bildirýän ähli döwletler, iri halkara we sebit guramalary bilen hyzmatdaşlygyny işjeň pugtalandyrýandygyny bellemek gerek, özi-de bu köpugurly hyzmatdaşlygyň gerimi yzygiderli giňelip, syýasy, ykdysady we medeni ynsanperwer ulgamlarda täze anyk mazmun bilen üsti ýetirilýär. Paýtagtymyzyň Bitaraplyk binasynyň töwereginde dabaraly we şanly seneler bellenilýän günlerde BMG-ä agza ýurtlaryň baýdaklary buýsançly parlaýan belent baýdak sütünleriniň bu ýere bezeg bermegi hoşniýetli hyzmatdaşlygy alamatlandyrýar.

Umuman, türkmen döwleti bitaraplyk derejesini yzygiderli durmuşa geçirip, ählumumy işlere barha işjeň goşulyşýar hem-de parahatçylygyň we ylalaşygyň, adamzadyň belent maksatlarynyň berkarar bolmagynyň bähbidine halkara gatnaşyklary ösdürmäge saldamly goşandyny goşýar.

Dabaraly çäre tamamlanandan soň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oňa gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady. (TDH)



Degişli Habarlar