ABU-nyň Baş Assambleýasyna gatnaşyjylar Türkmenistanyň medeniýeti bilen tanyşýarlar

ABU- nyň 55-nji mejlisiniň çäklerinde foruma gatnaşyjylar üçin medeni maksatnama guraldy

1062142
ABU-nyň Baş Assambleýasyna gatnaşyjylar Türkmenistanyň medeniýeti bilen tanyşýarlar

Şu gün Aziýa — Ýuwaş umman teleradiogepleşikler birleşiginiň (ABU) Baş Assambleýasynyň 55-nji mejlisiniň çäklerinde foruma gatnaşyjylar üçin medeni maksatnama guraldy.

Dostlukly gatnaşyklary berkitmekde we netijeli halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmekde medeni diplomatiýa uly orun berilýär. “Biz halkymyzyň köpasyrlyk taryhynyň, gadymy däpleriniň, medeniýetiniň, ruhy we maddy gymmatlyklarynyň, jemgyýetimiziň ösüşiniň möhüm şerti hökmünde medeni mirasymyzyň dünýäde wagyz edilmegine, döwletara hem-de halkara medeni-ylmy gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna aýratyn ähmiýet berýäris” diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ýakynda geçirilen mejlisinde eden maksatnamalaýyn çykyşynda belledi.

Dünýäde iri teleradiogepleşikler birleşiginiň ynsanperwer gymmatlyklary wagyz etmek hem-de döredijilik alyşmalaryny guramak boýunça alyp barýan işleri bilen baglylykda, türkmen halkynyň taryhy we medeniýeti bilen tanyşmak ABU-nyň agzalary üçin möhümdir. 2-nji oktýabrda Aşgabatda geçirilen 7-nji Aziýa — Ýuwaş umman aýdymlar telefestiwaly medeni gatnaşyklary ösdürmekde nobatdaky ädim bolup, oňa göni ýaýlymda onlarça ýurtlaryň teletomaşaçylary seretdiler.

Soňky on ýylyň içinde Aziýa — Ýuwaş umman teleradiogepleşikler birleşigi durmuş ösüşi üçin habar beriş serişdelerini peýdalanmakda dünýäde öňdebaryjy gurama öwrüldi. Birleşik, hususan-da, her ýyl geçirilýän abraýly bäsleşiklere, şol sanda aýdymlaryň telewizion we radiofestiwalyna ýolbaşçylyk edýär, birnäçe milliard tomaşaçylar üçin dürli ylmy-öwreniş hem-de sport gepleşiklerini alyp görkezýär. Teleradiogepleşikleriň ulgamlary netijesinde, medeniýet we sungat adamlary birleşdirmek üçin öz mümkinçiliklerini artdyrýar.

Myhmanlar ir säher bilen Halkara ahalteke atçylyk toplumyna geldiler, bu ýerde olara ahalteke bedewleriniň ýyndamlygy, gözelligi we okgunlylygy görkezildi. Foruma gatnaşyjylara ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen geçirilýän, behişdi bedewleriň dünýä dolan şöhratyny, ahalteke bedewleriniň baş sanyny artdyrmaga gönükdirilen giň gerimli işler barada Halkara ahalteke atçylyk toplumynyň wekilleri gürrüň berdiler.

Bellenilişi ýaly, şu maksatlarda milli atçylyk sportunyň gadymy däpleri üstünlikli dikeldilýär. Ahalteke bedewleri — halkymyzyň buýsanjy hem-de şöhraty ýurdumyzda geçirilýän ähli uly baýramçylyklaryň bezegine öwrüldi. Paýtagtymyzyň hem-de welaýatlaryň atçylyk sport toplumlarynda gyzykly at çapyşyklary yzygiderli guralýar. Ýurdumyzda atçylyk sportuna uly üns berilýär, onuň ösdürilmegi bolsa, pudagyň üstünliklerine aýdyň şaýatlyk edýär.

Myhmanlar “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlary toparynyň agzalarynyň we konkur boýunça türgenleriň ajaýyp çykyşlaryna tomaşa edep, munuň şeýledigine göz ýetirdiler.

Ussat türkmen çapyksuwarlaryny diňe ýurdumyzda däl-de, eýsem, onuň çäklerinden alyslarda hem tanaýarlar. Olar dünýäniň ençeme döwletlerinde geçirilen festiwallara we halkara ýaryşlaryna gatnaşyp, uly üstünlikleri gazandylar hem-de türkmen bedewleriniň dünýä dolan şöhratyny artdyrdylar. Toparyň agzalarynyň ussatlygy 2013-nji ýylda Moskwada geçirilen “IDOL” atly Sirk sungatynyň bütindünýä festiwalynda, 2014-nji ýylda Italiýanyň Latina şäherinde geçirilen XVI halkara sirk sungatynda, 2015-nji ýylda Çžuhaý günorta-hytaý şäherinde geçirilen sirk sungatynyň II halkara festiwalynda, 2016-njy ýylda Gyrgyz Respublikasynyň Çolponata şäherinde geçirilen Çarwadarlaryň II Bütindünýä oýunlarynda baş baýraklara beslendi. Şu ýyl “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary Sankt-Peterburgda geçirilen “Fontankada” atly sirk sungatynyň I halkara festiwalynda ýeňiş gazanyp, “Altyn Gaetano” heýkeljigine mynasyp boldy.

Ahalteke bedewleriniň daşary ýurtlarda geçirilýän atçylyk sporty hem-de sirk sungaty boýunça dürli ýaryşlarda üstünlikli çykyş etmegi milli Liderimiziň bu ulgama berýän ünsüniň we aladasynyň aýdyň netijesi bolup durýar.

Şu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Akhan atly bedewiň çarpaýa galyp, yzky aýaklarynda 10 metr aralygy 4,19 sekuntda geçmegi netijesinde, Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilendigi, ozalky rekordy iki esse gowulandyrandygyny bellemek gerek.

Şöhratly pederleriniň däplerini mynasyp dowam edýän türkmen jigitleriniň ajaýyp sungaty we elbetde, behişdi bedewleriň gözelligi myhmanlarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy.

Şeýle hem bu ýerde guralan sergide türkmeniň baý medeni däplerine, özboluşly sungatyna we egsilmejek döredijilik zehinine degişli gymmatlyklar görkezildi.

Sergi bilen tanyşmagyň barşynda foruma gatnaşyjylar milli egin-eşiklerini, at esbaplaryny, durmuşda ulanylýan enjamlary, amaly-haşam sungatynyň özboluşly nusgalaryny synladylar, milli tagamlardan dadyp, olary taýýarlamagyň usullary bilen tanyşdylar, ajaýyp aýdymlary hem-de sazlary diňlediler.

Günüň ikinji ýarymynda foruma gatnaşyjylar “Nusaý” döwlet taryhy-medeni goraghana baryp gördüler, bu ýerde olar 2007-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen Parfiýa galalaryny öwrenmegiň taryhy, arheologlaryň tapyndylary, alymlaryň täze açyşlary bilen tanyşdylar.

Daşary ýurtly myhmanlar Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde saklanylýan ýurdumyzyň baý taryhynyň we medeniýetiniň subutnamalary — gymmatlyklaryň ýygyndysy bilen hem tanyşdylar. Arheologik tapyndylar, gadymy milli lybaslar, ajaýyp halylar, kümüşden ýasalan bezeg şaý-sepleri, öý goşlary, häzirki zaman Türkmenistan hakynda gürrüň berýän gymmatlyklar uly gyzyklanma döretdi.

Günüň ahyrynda paýtagtymyzyň “Ýyldyz” myhmanhanasynyň kitaphanasynda Aziýa-Ýuwaş umman teleradiogepleşikler birleşiginiň prezidenti hanym Supriýa Sahunyň hem-de ABU-nyň Baş sekretary Jawad Mottaginiň türkmen habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin metbugat maslahaty geçirildi, şonuň barşynda Aşgabatda geçirilýän forumyň ýokary guramaçylyk derejesi bellenildi.

ABU-nyň ýolbaşçylary Aziýa — Ýuwaş umman teleradiogepleşikler birleşiginiň Baş Assambleýasynyň 55-nji mejlisini guramakda ýardam edilendigi, türkmen topragynda görkezilen mähirli myhmansöýerlik üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk sözlerini beýan etdiler. Mejlisiň resmi taýdan açylyş dabarasy ertir “Ýyldyz” myhmanhanasynda bolar.

Şeýle hem şu gün paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesiniň “Sport” myhmanhanasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň guramagynda geçirilen duşuşyk ABU-nyň forumyna we oňa bagyşlanan çäreleriň ähmiýetine bagyşlandy.(TDH)



Degişli Habarlar