Berdimuhamedowyň “Amul — Ha­zar 2018” hal­ka­ra aw­to­ral­liniň açy­lyşyndaky çykyşy

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Amul — Ha­zar 2018” hal­ka­ra aw­to­ral­li ýa­ryş­la­ry­nyň açy­lyş da­ba­ra­syn­da eden ÇY­KY­ŞY

Berdimuhamedowyň “Amul — Ha­zar 2018” hal­ka­ra aw­to­ral­liniň açy­lyşyndaky çykyşy

Hor­mat­ly adam­lar!
Hor­mat­ly aw­to­mo­bil spor­tu­nyň tür­gen­le­ri!
Ha­nym­lar we je­nap­lar!
Ga­dyr­ly “Amul — Ha­zar 2018” hal­ka­ra aw­to­ral­li­si­ne gat­na­şy­jy­lar!

Ine, biz şu gün “Amul — Ha­zar 2018” ady bi­len ge­çi­ril­ýän hal­ka­ra de­re­je­sin­dä­ki sport baý­ram­çy­ly­gy­ny ge­çir­ýä­ris. Türk­men top­ra­gyn­da gu­ral­ýan ýa­ryş­la­ra gat­naş­mak üçin da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­len tür­gen­le­re we beý­le­ki myh­man­la­ra “Hoş gel­di­ňiz!” di­ýip ýüz­len­ýä­ris.

Men si­ziň äh­li­ňi­zi Ga­raş­syz, Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan­da ge­çi­ril­ýän hal­ka­ra aw­to­ral­li­si­niň baş­lan­ma­gy bi­len tüýs ýü­rek­den gut­la­ýa­ryn.

Si­ziň bil­şi­ňiz ýa­ly, Amul top­ra­gyn­dan ba­dal­ga be­ril­ýän hal­ka­ra aw­to­ral­li ýa­ryş­la­ry aja­ýyp Ha­za­ryň ke­na­ryn­da ýer­leş­ýän gö­zel kün­jek­de — Awa­za­da jem­le­ner.

“Türk­me­nis­tan — Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi” diý­lip yg­lan edi­len ýyl­da “Amul — Ha­zar 2018” hal­ka­ra de­re­je­li aw­to­ral­li ýa­ry­şy­nyň ge­çi­ril­me­gi Türk­me­nis­ta­nyň dün­ýä aw­to­mo­bil spor­tu­nyň ös­dü­ril­me­gin­de my­na­syp orun eýe­le­ýän­di­gi­ni äş­gär ed­ýär. Bi­ziň ýur­du­myz­da aw­to­mo­bil spor­tu­nyň dö­re­di­le­ni­ne köp wagt geç­me­di­gem bol­sa, bu ugur­da giň möç­ber­li iş­ler ama­la aşy­ryl­dy.

Hor­mat­ly adam­lar!
Ga­dyr­ly tür­gen­ler!

Er­tir ga­dy­my Amul top­ra­gyn­dan hal­ka­ra aw­to­ral­li ýa­ry­şy bo­lan sport baý­ram­çy­ly­gy­na da­ba­ra­ly ýag­daý­da ba­dal­ga be­re­ris. Bu uly ýa­ryş­la­ra taý­ýar­ly­gyň çäk­le­rin­de hal­ka­ra aw­to­ral­li­niň geç­jek ugur­la­ry kes­git­le­nil­di.

Bu men­zi­liň — Amul­dan Ha­za­ra çen­li bo­lan ýo­luň umu­my uzyn­ly­gy 1571 ki­lo­met­re ba­ra­bar­dyr.

Hor­mat­ly tür­gen­ler, siz bäs­le­şi­giň do­wa­myn­da dün­ýä­niň iň uly çöl­le­ri­niň bi­ri ha­sap­la­nyl­ýan Ga­ra­gu­muň baý te­bi­ga­ty, onuň öz­bo­luş­ly aý­ra­tyn­lyk­la­ry hem-de türk­men säh­ra­sy­nyň tä­sin­li­gi bi­len ta­n­şar­sy­ňyz. Ga­ra­gu­muň öz­bo­luş­ly te­bi­ga­ty­nyň, onuň ösüm­lik we haý­wa­nat dün­ýä­si­niň siz­de ýat­dan çyk­ma­jak tä­sir­ler gal­dyr­jak­dy­gy­na ynan­ýa­ryn. Le­bap we­la­ýa­ty­nyň çä­gin­de ýer­leş­ýän Ba­dal­ga meý­dan­ça­syn­dan ug­rap, ga­dy­my Amul top­ra­gy­nyň aja­ýyp­ly­gy­ny du­ýar­sy­ňyz.

Se­bit­de iň uly ga­dy­my Jeý­hun der­ýa­sy Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ug­run­da ýer­le­şip, onuň ke­na­ryn­da­ky ta­ry­hy ga­la­nyň ösen me­de­ni­ýet­li şä­her bo­lan­dy­gy­ny ta­ryh yk­rar ed­ýär. Bu ýer­de eke­ran­çy­lyk we söw­da gat­na­şyk­la­ry gül­läp ösüp­dir.

Soň­ra hal­ka­ra aw­to­ral­li­niň ýo­ly bilen Ma­ry we­la­ýa­ty­nyň çä­gin­de ýer­leş­ýän “Ma­ry dü­şel­ge­si” di­ýen kün­je­ge ba­rar­sy­ňyz. Mä­lim bol­şy ýa­ly, ga­dy­my dö­wür­de Ma­ru — Şa­hu — Ja­han ady bi­len bel­li bo­lan bu şä­he­riň ir­ki asyr­lar­da di­ňe bir se­bit äh­mi­ýet­li däl, eý­sem, dün­ýä si­wi­li­za­si­ýa­sy­nyň mer­ke­zi bo­lan­dy­gy­ny ta­ry­hy – yl­my çeş­me­ler tas­syk­la­ýar. Ga­dy­my Mer­wiň dün­ýä me­de­ni­ýe­ti­niň pa­jar­lap ös­me­gin­de mö­hüm orun eýe­län­di­gi­ne ta­ryh şa­ýat­dyr. Bu ba­ra­da dün­ýä­niň ga­dy­my ta­ryh bi­len meş­gul­lan­ýan alym­la­ry, ta­ryh­çy­la­ry bel­le­ýär­ler.

Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ug­ry bo­ýun­ça gu­ral­ýan hal­ka­ra aw­to­ral­li­niň ýo­ly Ahal we­la­ýa­ty­nyň çä­gi­ne gi­rer. Bu ýer­de “Ga­ra­gum ýal­ky­my” dü­şel­ge­si ýer­leş­ýär. Şon­da siz säh­ra­nyň bu kün­je­gi­niň gö­zel­li­gi­ne, onuň te­bi­gy aý­ra­tyn­lyk­la­ry­na hem-de çöl ösüm­lik­le­ri­niň öz­bo­luş­ly gör­nüş­le­ri­ne syn eder­si­ňiz.

Dün­ýä ýü­zün­de öz­bo­luş­ly tä­sin­lik ha­sap­la­nyl­ýan we “Ga­ra­gum ýal­ky­my” diý­lip at­lan­dy­ryl­ýan bu ýer­dä­ki alaw si­zi haý­ran gal­dy­rar. Ga­ra­gu­muň jüm­mü­şin­dä­ki alaw türk­men hal­ky­nyň kal­by­nyň ýy­ly mäh­ri­niň öz­bo­luş­ly ny­şa­ny bo­lup, ol si­ziň göw­nü­ňi­zi gö­te­rer.

Mun­dan baş­ga-da, bu kün­jek­le­riň ho­wa gur­şa­wy, ösüm­lik dün­ýä­si si­zi tä­ze men­zil­le­re ata­rar.

Soň­ra siz ta­ry­hy ýol bi­len gi­dip bar­şy­ňy­za Da­şo­guz top­ra­gy­na ga­dam go­ýar­sy­ňyz. “Amul — Ha­zar 2018” hal­ka­ra aw­to­ral­li­niň ýo­ly “Al­tyn asyr» Türk­men kö­li” diý­lip at­lan­dy­ryl­ýan dü­şel­gä­niň üs­tün­den ba­rar. Bu ýer­de siz al­tyn­sow öwüş­gin­li ýa­ýy­lyp ýa­tan kö­li gö­rer­si­ňiz. Ga­ra­gum säh­ra­sy­nyň jüm­mü­şin­de dö­rän bu kö­lüň we onuň tö­we­rek­le­ri­niň öz­bo­luş­ly haý­wa­nat we ösüm­lik dün­ýä­si Si­zi adam eli bi­len dö­re­di­len gud­ra­tyň dün­ýä­si­ne ara­laş­dy­rar. Bu kün­je­giň ýa­kym­ly gur­şa­wy we kö­lüň kü­müş teň­ňe­li ba­lyk­la­ry si­ze şat­lyk eçi­ler.

Şeý­le­lik­de, Ga­ra­gum säh­ra­sy­nyň tä­sin te­bi­ga­ty, onuň ro­wa­ýa­ta öw­rü­len kün­jek­le­ri we säh­ra­nyň dö­re­den gud­rat­la­ry hiç bir ada­my bi­parh goý­ma­ýar.

Hor­mat­ly tür­gen­ler!

Soň­ra si­ziň ýo­lu­ňyz Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň çä­gi bo­ýun­ça do­wam eder. Şon­da siz se­leň­läp gö­rün­ýän Bal­kan dag­la­ry­nyň de­ňin­den ge­çip, ýa­ry­şyň jem­leý­ji tap­gy­ry­na ta­rap ro­wa­na bo­lar­sy­ňyz. Türk­men top­ra­gy­nyň, säh­ra­sy­nyň, köl­le­ri­niň, dag­la­ry­nyň aja­ýyp­ly­gy bi­len ge­çen ýo­lu­ňyz Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň çä­gin­de ýer­leş­ýän “Sport meý­dan­ça­sy” diý­lip at­lan­dy­ryl­ýan dü­şel­gä ba­rar.

Şeý­le­lik­de, ady ro­wa­ýa­ta öw­rü­len hal­ka­ra aw­to­ral­li­niň ýo­ly go­ja­man Ha­za­ryň ke­na­ry bi­len uzap, Azi­ýa­nyň şy­pa­ha­na mer­je­ni ha­sap­la­nyl­ýan “Awa­za” mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da jem­le­ner. Bu ýer­de siz adam­la­ryň dynç al­ma­gy we sag­lyk­la­ry­ny ber­kit­mek­le­ri üçin ni­ýet­le­nen şy­pa­ha­na zo­la­gy­nyň aý­ra­tyn­ly­gy­ny syn­lar­sy­ňyz. Türk­men top­ra­gyn­da ama­la aşy­ry­lan be­ýik iş­le­riň şa­ýa­dy bo­lar­sy­ňyz. Bu kün­je­giň aja­ýyp­ly­gy, hal­ky­my­zyň ýag­şy des­sur­la­ry we myh­man­sö­ýer­lik dä­bi si­ziň ha­ky­da­ňyz­da he­mi­şe­lik sak­la­nar.

Hor­mat­ly tür­gen­ler!

Men yk­bal­la­ry­ny sport bi­len bag­lan tür­gen­le­re uly üs­tün­lik ar­zuw ed­ýä­rin.

Hor­mat­ly adam­lar!
Ga­dyr­ly tür­gen­ler!

“Amul — Ha­zar 2018” hal­ka­ra aw­to­ral­li ýa­ryş­la­ry­nyň halk­la­ry ýa­kyn­laş­dy­ryp, dost­lu­gy, hyz­mat­daş­ly­gy has-da ber­kit­jek­di­gi­ne ynan­ýa­ryn.

Si­ziň äh­li­ňi­zi bu aja­ýyp hem-de özü­ne çe­ki­ji sport baý­ram­çy­ly­gy bi­len ýe­ne bir ge­zek tüýs ýü­rek­den gut­la­ýa­ryn.

Hor­mat­ly tür­gen­ler!

Ýo­lu­ňyz ak bol­sun, tu­tu­my­ňyz ro­waç, üs­tün­lik hem­ra­ňyz bol­sun!

(Türk­me­na­bat şä­he­ri, 2018-nji ýy­lyň 10-njy sent­ýab­ry) (TDH)



Degişli Habarlar