Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzyň täze gurluşyklarynda işleriň barşy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Prezidenti dikuçaryň ýanynda paýtagtymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde bina edilen we gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy

Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzyň täze gurluşyklarynda işleriň barşy bilen tanyşdy

Düýn hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň haýyşy boýunça dikuçarda paýtagtymyzda alnyp barylýan iri gurluşyklaryň, birnäçe desgalaryň, şäheriň durmuş düzümini ösdürmek, abadanlaşdyrmak boýunça maksatnamanyň iş ýüzünde ýerine ýetirilişi bilen tanyşdy. Milli Liderimiz uçuşyň dowamynda paýtagtymyzyň ekologiýa ýagdaýyna aýratyn üns berdi.

Döwlet Baştutanymyz dikuçaryň ýanynda paýtagtymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde bina edilen we gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy. Paýtagtymyzyň häkimi hormatly Prezidentimiziň garamagyna ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmegiň 16-njy tapgyrynyň gurluşygy bilen bir hatarda, söwda merkeziniň, Parahat — 7 ýaşaýyş toplumynda gurluşygy tamamlanan metjidiň görnüşini, beýleki desgalaryň taslamalaryny, şeýle hem täze döwrebap myhmanhananyň ýerleşjek ýeriniň çyzgylaryny görkezdi.

Döwlet Baştutanymyz Aşgabadyň häzirki zaman şähergurluşyk syýasatyny üstünlikli amala aşyrmakda bar bolan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmegiň zerurdygyna ünsi çekip, gurulýan desgalarda milli binagärlik ýörelgeleri bilen bir hatarda häzirki zaman tejribeleriniň utgaşdyrylmalydygyny belledi. Şunlukda, bina edilýän desgalaryň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi bilen, şolaryň öz wagtynda ulanmaga berilmegi häzirki döwrüň möhüm talaby bolup durýar.

Soňra milli Liderimiz dikuçarda guşuçar belentlikden ak mermerli Aşgabatda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli gurluşyk işleriniň barşy bilen tanyşdy. Döwlet Baştutanymyzyň yzygiderli tagallasy netijesinde, paýtagtymyz gülläp ösdi we dünýäniň owadan şäherleriniň birine öwrüldi. Aşgabat ak mermerli belent binalary bilen ýyl-ýyldan öz çägini giňeldýär, paýtagtymyz abadanlaşdyrylýar we häzirki zaman şäherine, halkara derejedäki syýasy we işewürlik merkezine öwrülýär.

Döwlet Baştutanymyzyň dikuçary paýtagtymyzy ösdürmegiň 15-nji tapgyrynda bina edilen ýaşaýyş jaý toplumlarynyň ýokarsyndan öwrüm etdi. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerdäki binalaryň ýagdaýy bilen gyzyklanyp, gurluşygyna girişilen söwda merkezinde alnyp barylýan gurluşyk işlerini synlady.

Milli Liderimiz Bekrewe ýaşaýyş toplumyna gidýän ýoluň ugrunda gurulýan Ýanyk şikeslerini bejeriş merkezinde alnyp barylýan işleriň derejesi bilen gyzyklanyp, onuň gurluşygynyň hiliniň häzirki zamanyň ýokary talaplaryna kybap gelmegi we öz wagtynda gurlup gutarylmagy bilen baglanyşykly wezipeleri hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Saglygy goraýyş ulgamyna degişli düzümleriň gurluşygynyň häzirki zaman ölçeglerine laýyk gelmegi möhüm talap bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiziň dikuçary häzirki döwürde şäheri ösdürmegiň 16-njy tapgyrynyň çäklerinde gurluşygy batly depginde alnyp barylýan ýer bolan Köşä tarap ugur aldy. Bu taslama köp öýli we birnäçe gatly onlarça ýaşaýyş jaýlarynyň hem-de beýleki binalaryň gurluşygyny özünde jemleýär.

Bu ýerde durmuş maksatly binalaryň gurluşyk işleri döwrüň talabyna laýyk derejede alnyp barylýar. Bu işleriň ýokary hilli bolmagy gurluşygyň beýleki tapgyrlarynyň sazlaşykly ýola düşmegini, desgalaryň ygtybarlylygyny we seýsmiki durnuklylygyny hem-de howpsuzlygyny üpjün eder.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow guşuçar belentlikden giň möçberli gurluşyk işlerini synlady. Dikuçardan bu ýerde alnyp barylýan işleriň tutuş görnüşi, gerimi, bellenilen tertipnama laýyklygy we tehnikalaryň ulanylyşy aýdyň görünýär.

Şäheriň bu künjeginde döwrebap ýol-ulag düzümi, adamlaryň ýaşaýşy üçin aňrybaş şertleri üpjün edýän inženerçilik-aragatnaşyk ulgamy, binalaryň gurluşygy bilen bir hatarda, seýilgähler, gök zolaklar dörediler, binalaryň ýanaşyk ýerleri göwnejaý abadanlaşdyrylar. Döwlet Baştutanymyz şäher ilaty üçin amatly ekologiýa gurşawynyň döredilmegini paýtagtymyzy ösdürmegiň esasy şerti hökmünde öňe sürýär.

Soňra döwlet Baştutanymyzyň dikuçary Aşgabadyň günorta-günbatar künjegine tarap ugur aldy. Gadymy Parfiýa döwletiniň paýtagty bolan Nusaýyň ýadygärlikleriniň töweregi we umuman, Köpetdagyň dag etekleri güýzüň hoştap howasyndan nurlanyp, has-da gözel görnüşe eýe boldy.

Soňky ýyllarda bu ýerler tanalmaz derejede özgerdi. Paýtagtymyzyň ilatynyň dynç almagy üçin ýakymly howasy we oňyn şertleri bolan bu künjekde ýylyň ähli paslynda gök öwüsýän tokaý zolaklary kemala geldi. Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzyň “Ýyldyz” myhmanhanasy bilen “Nusaý” döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň ýadygärlikler toplumynyň aralygynda ýerleşýän baýryň üstünde täze myhmanhanany gurmak boýunça tabşyryk berdi.

Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, myhmanhananyň gurluşygynda hem-de bezeg aýratynlyklarynda gadymy milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zaman gurluşyk tejribeleri utgaşdyrylar. Onda Nusaý, Gadymy Köneürgenç, Gyzgala ýaly gadymy ýadygärlikleriň, minaralaryň, galalaryň gurluşyk usullary, Garagum sährasynyň altynsow alaňlarynyň reňk aýratynlyklary öz beýanyny tapar.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, täze myhmanhananyň binagärlik çözgüdi taryhy Nusaýyň nusgasynda täze Nusaýyň döredilýändiginiň güwäsine öwrüler. Hormatly Prezidentimiz bu ýerde gurulmagy göz öňünde tutulýan döwrebap myhmanhananyň ýerleşjek ýeri, bu künjegiň tebigy aýratynlyklary bilen tanyşdy.

Döwlet Baştutanymyz täze myhmanhana toplumynyň ýerleşjek ýerini gözden geçirip, onuň binagärlik çözgüdinde gadymy Parfiýa şalarynyň köşgüniň gurluş aýratynlygynyň öz beýanyny tapmalydygyny belledi. Munuň özi ady rowaýata öwrülen taryhy Nusaýyň täzeden dikeldilýändigini alamatlandyrar.

Döwlet Baştutanymyz myhmanhananyň binasynyň ýerli tebigy aýratynlyk bilen utgaşmalydygyny belläp, onuň taslamasy taýýarlanylanda, şu ýagdaýlaryň göz öňünde tutulmalydygyny tabşyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiziň dikuçary paýtagtymyzyň häzirki zaman işewürlik merkeziniň kemala gelýän ýeri bolan günorta künjegine tarap ugur aldy. Köpetdagyň eteginden geçýän Çandybil şaýolunyň ugrunda birnäçe edara binalarynyň gurluşygy dowam edýär. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow edara binalar toplumynyň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy, şolary gurmak Fransiýanyň “Buig Batiman” kompaniýasyna ynanyldy.

Çandybil şaýolunyň ugrunda ýakyn geljekde Halkara maslahat merkeziniň we kaşaň myhmanhananyň binalar toplumy emele geler. Bu desgalar Aziýanyň merjeni hasaplanýan paýtagtymyzyň özboluşly bezegine öwrüler. Şeýle hem paýtagtymyzyň bu künjeginde iň döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen edara binalary gurlar. Şolaryň bu ýerde kemala gelýän düýpli binagärlik toplumy bilen sazlaşygy emele getirjekdigi şübhesizdir.

Hormatly Prezidentimiz gurluşyk meýdançalaryndaky işleriň ýagdaýy bilen tanşyp, dikuçardan ýerine ýetirilen işleri synlady. Şeýle hem Köpetdagyň etegindäki bu gözel künjekde türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň gurluşygyna başlandy. Mundan başga-da, bu künjekde soňky ýyllarda ýurdumyzda sazlaşykly ösdürilýän welosiped sportuna bagyşlanan özboluşly ýadygärlik toplumyny gurmak meýilleşdirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, şäheriň bu künjeginde gurulýan desgalaryň gurluşygynda ýerli tebigy aýratynlyklaryň, dag görnüşiniň we ugurdaş binalar bilen sazlaşyk göz öňünde tutulmalydyr.

Döwlet Baştutanymyz şäheriň çäginde gurluşyk işleri meýilleşdirilende seýilgähleriň we gök zolaklaryň döredilmeginiň möhümdigini belläp, bu babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi.

Paýtagtymyzda degişli ekologiýa derejesini saklamak esasy talaplaryň biri bolup durýar. Mundan başga-da, Aşgabadyň gök zolaklary we ösümlik dünýäsi şäheriň keşbine gözellik çaýýar hem-de özüne çekijiligini artdyrýar.

Paýtagtymyzyň sazlaşykly ösüş ýoluna düşen künjegi bolan Parahat — 7 ýaşaýyş toplumynda alnyp barylýan işler häzirki döwrüň talabyna laýyk gelýär. Bu ýerde dürli maksatly binalar yzly-yzyna gurlup, ulanmaga berilýär. Şolaryň hatarynda şäheriň binagärlik keşbi bilen ajaýyp sazlaşygy emele getiren metjidiň gurluşygynyň hem bardygyny bellemeli.

Durmuş ulgamyna degişli desgalara aýratyn üns berýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzy ösdürmegiň, şol sanda ýaşaýyş jaýlaryň gurluşygynyň meýilnamasynyň durmuşa geçirilmeginde adam hakyndaky hemmetaraplaýyn aladanyň, amatly ýaşaýyş hem-de dynç alyş, döredijilikli zähmet üçin ähli zerur şertleriň döredilmeginiň zerurdygyny belledi we bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzda alnyp barylýan işler bilen tanyşlygy şäheriň demirgazyk künjeginde dowam etdi. Milli Liderimiz ýüzugra Hoja Ahmet Ýasawy köçesiniň ugrunda umumy eýeleýän meýdany 10 gektara barabar bolan täze “Garagum” myhmanhanasynyň ýerleşjek ýerlerini synlady. Hormatly Prezidentimiz bu ýerde häzirki zaman söwda merkeziniň we hyzmat ediş binalary bolan işewürlik merkeziniň gurulmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.

Şu ýerde 320 orunlyk çagalar bagynyň, 720 orunlyk orta mekdebiň, söwda we dynç alyş merkeziniň, Hoja Ahmet Ýasawy köçesiniň ugrunda täze edara binalarynyň gurluşygy meýilleşdirildi. Şeýle hem bu ýerde eýeleýän meýdany 10 gektara golaý bolan seýilgäh toplumy gurlar. Onuň merkezi böleginde Oguz hanyň ýyldyzy şekilinde ýerleşdirilen suw çüwdürimler toplumy bina ediler.

Bellenilişi ýaly, söwda we dynç alyş merkezi “Garagum” myhmanhanasy bilen bir bitewi utgaşyklygy emele getirer. Ýeri gelende aýtsak, bu binalaryň hemmesiniň ýanaşyk ýerleri göwnejaý abadanlaşdyrylar, gök zolaklar dörediler. Munuň özi paýtagtymyzda ekologiýa derejesiniň ýokarlanmagynda aýratyn ähmiýetlidir.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň Halkara howa menziliniň golaýyndaky könelişen we häzirki zaman jemagat hojalygy gulluklarynyň talabyna laýyk gelmeýän şertleri bolan jaýlaryň ugrunda döwrebap seýilgäh zolagynyň döredilmelidigine ünsi çekdi. Şäheriň ilaty ýokary derejeli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün edilmelidir.

Paýtagtymyzyň ulag düzüminiň işi barada aýdylanda bolsa, häzirki döwürde bu ýerde hereket edýän halkara awtoterminalyň golaýynda ulaglar we sürüjiler üçin ähli amatlyklary özünde jemleýän döwrebap awtoduralganyň gurluşygy dowam edýär.

Aşgabadyň toplumlaýyn ösdürilmegi, şäher düzüminiň maksatnamalaýyn esasda döwrebaplaşdyrylmagy döwlet Baştutanymyzyň hemişe üns merkezinde saklanýar. Milli Liderimiz paýtagtymyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli gurluşyk işleri bilen yzygiderli tanşyp durýar.

Soňra milli Liderimiz Ahal welaýatynyň çäginde ýerleşen Owadandepede gurulýan tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň gurluşygynyň gidýän ýerine tarap ugur aldy. Bu täzeçil taslama milli ykdysadyýetimiziň esasy ugruny üstünlikli durmuşa geçirmegiň ýolunda nobatdaky ädimdir. Dünýäniň energetika ýurtlarynyň hataryna girýän Türkmenistanyň baý uglewodorod serişdelerini doly hem-de netijeli peýdalanmak şol syýasatyň esasy ugry bolup durýar.

Bularyň ählisi eziz Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň mundan beýläk-de artmagyna, türkmenistanlylaryň abadançylygynyň ýokarlanmagyna ýardam eder.

Owadandepede gurulýan iri önümçilik dünýädäki ilkinji gazhimiýa toplumydyr. Bu ýerde tebigy gazy gaýtadan işlemek arkaly ýokary hilli we ekologiýa taýdan arassa benzin öndürýän dünýäde ilkinji gazhimiýa toplumynyň gurluşygyny synlady.

Häzirki döwürde desgadaky işler ýokary depginde tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Kärhanany häzirki zaman enjamlary bilen üpjün etmek, tehniki ulgamlary oturtmak boýunça degişli işler dowam edýär. Taýýar önümleri sarp edijilere ýetirmek üçin taslama laýyklykda, awtomobil we demir ýollaryň çekilmegi göz öňünde tutuldy.

Uçuş tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze taryhy eýýamda Türkmenistany dünýäniň senagat taýdan ösen döwletleriniň birine öwürmek babatdaky belent maksadyň üstünlikli amala aşyrylýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli ykdysadyýetimiziň köpugurly esasda ösdürilmegine we önümçilige täzeçil tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna aýratyn üns berilýär.

Ýurdumyzda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeler maksatnamalarynyň we taslamalarynyň ählisi esasy maksada ýetmäge — eziz Watanymyzyň gülläp ösmegine, onuň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösmegine we mähriban halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlanmagyna gönükdirilendir. (TDH)



Degişli Habarlar