Sport XVIII to­mus­ky Azi­ýa oýun­la­ry ta­mam­lan­dy

In­do­ne­zi­ýa­da “Bung Kar­no” sta­dio­nyn­da XVIII to­mus­ky Azi­ýa oýun­la­ry­nyň ýa­py­lyş da­ba­ra­sy bol­dy

1041766
Sport XVIII to­mus­ky Azi­ýa oýun­la­ry ta­mam­lan­dy

Bu to­ma­şa ýa­ryş­la­ry ge­çir­ýän ýur­duň öz­bo­luş­ly mil­li öwüş­gin­le­ri­ne bes­len­di. Ýa­gyş hem bu da­ba­ra­nyň kö­pö­wüş­gin­li hä­si­ýe­ti­ne päs­gel be­rip bil­me­di.

Ýyg­na­nan­lar In­do­ne­zi­ýa­nyň Pre­zi­den­ti­niň hem-de Azi­ýanyň Olim­pi­ýa Ge­ňe­şi­niň pre­zi­den­ti­niň çy­kyş­la­ry­ny şow­hun­ly elçar­pyş­ma­lar bi­len gar­şy­la­dy­lar. Myh­man­la­ryň ha­ta­ryn­da Hal­ka­ra olim­pi­ýa ko­mi­te­ti­niň baş­tu­ta­ny To­mas Bah hem bar, ol on­dan ozal tür­gen­le­riň oba­sy­na bar­dy we onuň ýa­şaý­jy­la­ry bi­len söh­bet­deş bol­dy.

Şeý­le hem to­mus­ky Azi­ýa oýun­la­ry­nyň ny­şan­la­ry­nyň Hançžou şä­he­ri­ne (HHR) gow­şu­ry­lyş da­ba­ra­sy bol­dy, bu ýer­de 2022-nji ýyl­da no­bat­da­ky Azia­da ge­çi­ri­ler.

In­do­ne­zi­ýa­dan, Hin­dis­tan­dan we Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­syn­dan tans to­par­la­ry­nyň we ar­tist­le­riň çy­kyş­la­ry da­ba­ra öz­bo­luş­ly öwüş­gin çaý­dy.

Ýa­ryş­la­ryň jem­le­ri­ni jem­le­mek bi­len, XVIII to­mus­ky Azi­ýa oýun­la­ryn­da Türk­me­nis­ta­nyň ýy­gyn­dy to­pa­ry­nyň üç me­dal — bir kü­müş we iki bü­rünç me­dal alan­dy­gy­ny bel­le­mek ge­rek.

Kris­ti­na Şer­me­to­wa kü­müş me­da­la my­na­syp bol­dy. Bi­ziň bel­li agyr at­le­ti­ka­çy­myz 53 ki­log­ra­ma çen­li ag­ram de­re­je­de iň so­ňu­na çen­li al­tyn me­dal ug­run­da bäs­le­şip, gar­şy­da­şyn­dan ba­ry-ýo­gy bir ki­log­ram yz­da gal­dy.

Şi­haz­ber­di Öwe­le­kow nus­ga­wy gö­reş­de 87 ki­log­ra­ma çen­li ag­ram de­re­je­de ýe­men­li bäs­de­şin­den üs­tün çy­kyp, bü­rünç me­da­la eýe bol­dy.

To­mus­ky Azi­ýa oýun­la­ryn­da jiu-jit­su bo­ýun­ça Ke­mal Me­re­do­wyň my­na­syp bo­lan bü­rünç me­da­ly Türk­me­nis­tan üçin spor­tuň bu gör­nü­şin­de il­kin­ji sy­lag­dyr. 56 ki­log­ra­ma çen­li agram de­re­je­de Ke­mal mon­gol bäs­de­şin­den üs­tün çyk­dy.

Mun­dan baş­ga-da, ýa­ryş­la­ryň do­wa­myn­da bi­ziň tür­gen­le­ri­miz en­çe­me ge­zek ýeň­şe go­laý­la­dy­lar, bu bol­sa mil­li spor­tu­my­zyň uly müm­kin­çi­lik­le­ri­niň bar­dy­gy­ny gör­kez­ýär.

Düýn, ýa­ryş­la­ryň jem­leý­ji gü­nün­de sam­bo bo­ýun­ça bäs­le­şik­ler ge­çi­ril­di. 90 ki­log­ra­ma çen­li agram de­re­je­de il­deş­le­ri­miz Nur­ber­di­han Oraz­mu­ham­me­dow we Rus­lan Es­ge­row çy­kyş et­di­ler. Em­ma bu ge­zek ola­ra şow­lu­lyk ýa­ran bol­ma­dy. R.Es­ge­row di­ňe bä­şin­ji or­ny eýe­le­di.

Şeý­le­lik­de, XVIII to­mus­ky Azi­ýa oýun­la­ry ta­mam­lan­dy. In­di bi­ziň tür­gen­le­ri­mi­ze ýe­ňiş­le­re bes­len­me­li tä­ze ýa­ryş­lar ga­raş­ýar. (TDH)



Degişli Habarlar