Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow A Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy

1037282
Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň sammitine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy.

Iki döwletiň Baştutanlary mähirli salamlaşyp, şu günki duşuşygyň köp ýurtlarda giňden bellenilýän Gurban baýramynyň günlerinde geçirilýändigini bellediler hem-de birek-biregi bu nurana baýramçylyk bilen gutladylar, doganlyk türkmen we özbek halklaryna tüýs ýürekden çykýan parahatçylyk we rowaçlyk baradaky arzuwlaryny beýan etdiler.

Özbegistanyň Lideri häzirki duşuşygyň ýurdumyzda guralandygy üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk sözlerini aýdyp, sebitiň ählumumy ekologiýa meselelerini çözmekde Türkmenistanyň işjeň we netijeli ornuny belledi.

Durnukly ösüşiň maksatlaryny gazanmagyň syýasaty babatda suw meseleleri, suwy aýawly saklamagyň we rejeli peýdalanmagyň meseleleri döwletara ekologiýa gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar diýip, milli Liderimiz AHHG-nyň meýdançasynda, şeýle hem BMG we beýleki abraýly halkara guramalary bilen hyzmatdaşlykda goňşy ýurtlaryň has netijeli birleşen tagallalarynyň zerurdygyny belledi.

Duşuşygyň dowamynda dostlukly döwletleriň Baştutanlary türkmen-özbek gatnaşyklarynyň, hususan-da, söwda-ykdysady ulgamda gatnaşyklarynyň ösüş depginine ýokary baha berdiler. Bu ulgamda haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmak, maýa goýum işjeňligini höweslendirmek, göni işewür gatnaşyklaryny berkitmek hem-de bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak üçin mümkinçilikler bar. Soňky ýyllarda iki ýurduň serhetýaka etraplarynyň arasyndaky gatnaşyklar täze itergä eýe boldy.

Ulag ulgamy döwletara hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ulgamda taraplaryň tagallalaryny birleşdirmegi «Demirgazyk — Günorta» we «Gündogar — Günbatar» ugurlary boýunça köp şahaly üstaşyr-ulag we logistika düzümini kemala getirmekde, häzirki döwürde Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmekde möhüm şert bolup durýar, şunda Bitarap Türkmenistan birnäçe anyk başlangyçlary bilen çykyş etdi.

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew ynsanperwer ulgamda däbe öwrülen gatnaşyklaryň möhümdigini bellediler. Şu ýylyň aprelinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistan Respublikasyna amala aşyran döwlet saparynyň barşynda iki ýurduň Liderleriniň gatnaşmagynda Ürgenç şäherinde dabaraly ýagdaýda açylan Türkmen-özbek dostluk öýi hem netijeli gatnaşyklary berkitmekde uly orun eýeleýär.

Duşuşygyň ahyrynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew döwletara gatnaşyklaryna mahsus bolan özara düşünişmegiň we ynanyşmagyň ýokary derejesiniň geljekde hem türkmen-özbek gatnaşyklaryny üstünlikli ösdürmegiň ygtybarly kepili bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirip, iki ýurduň doganlyk halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler. (TDH)



Degişli Habarlar