Türkmenistanyň Prezidentiniň gutlagy

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

1036041
Türkmenistanyň Prezidentiniň gutlagy

Mähriban halkym!

Eziz watandaşlar!

Sizi ruhy tämizligiň hem-de ynsanperwerligiň ajaýyp baýramy bolan mukaddes Gurban baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Gurbanlyk adamzadyň ahlak-edep ýörelgelerini, dogruçyllygy we päkligi ündeýän, agzybirligi we jebisligi dünýä ýaýýan, jemgyýetimizde ählumumy ruhubelentligi döredýän gadymy baýramdyr. Bu baýramyň düýp mazmunynda halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda nesilden-nesle geçirip gelýän parahatçylyk, dost-doganlyk, ynsanperwerlik ýaly milli garaýyşlary, belent ruhy gymmatlyklary, ynanç-ygtykatlary, däp-dessurlary, durmuşy kadalary jemlenendir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe jemgyýetimizi medeni-ruhy taýdan kämilleşdirmekde we baýlaşdyrmakda, agzybirligimizi we jebisligimizi pugtalandyrmakda Gurban baýramynyň orny we ähmiýeti örän uludyr.

Her güni şan-şöhratly, taryhy ähmiýetli syýasy, ykdysady we medeni wakalara baý «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilen ýylda hem Gurban baýramy ata-babalarymyzdan miras galan däp-dessurlarymyza laýyklykda, üç günüň dowamynda döwlet derejesinde uly ruhubelentlik we şatlyk bilen, giňden bellenilýär.

Mukaddes Gurbanlyk günlerinde dünýäde durnukly ösýän şäherleriň biri bolan gözel paýtagtymyz Aşgabatda, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde halkymyzyň ynsanperwerlik we watansöýüjilik duýgularyny artdyrýan baý many-mazmunly dabaralar geçirilýär. Her maşgalada nazy-nygmatly saçaklar giňden ýazylyp, ýürekden buýsanýan Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň dünýädäki abraý-mertebesiniň mundan beýläk-de belende galmagynyň, ýurt abadançylygynyň, il dynçlygynyň hem-de rowaçlygynyň hatyrasyna gurbanlyk sadakalary berlip, doga-dilegler edilýär.

Şu ýyl hem Gurban baýramy günlerinde watandaşlarymyzyň uly topary keramatly Mekgä we Medinä haj amallaryny berjaý etmek üçin Saud Arabystany Patyşalygyna zyýarata iberildi. Munuň özi adam üçin ähli şertler döredilen berkarar döwletimizde agzybirligimizi alamatlandyrýan asylly däplerimiziň mynasyp dowam etdirilýändigini aýdyň tassyklaýar.

Eziz halkym!

Dünýä halklary bilen birlikde türkmen halkynyň hem ynsany belent ahlaklylyga, wyždan päkligine ugrukdyrýan ilkinji dinleriň kemala gelmeginde, ynanç-ygtykatlaryň, adat-dessurlaryň, ynsanperwer we dünýewi gymmatlyklaryň döremeginde hem-de baýlaşmagynda orny örän uludyr. Şoňa görä-de, ata-babalarymyzdan miras galan mukaddes däplerimize buýsanmalydyrys.
Bu ýörelgeler ruhy medeniýetimizi baýlaşdyrmak bilen birlikde, nesillerde beýik watansöýüjilik buýsanjyny hem-de ynsanperwer duýgyny terbiýeleýär.
Biz üstünden gadymy kerwen ýollary geçen ata Watanymyzda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mähriban halkymyzyň döredijilik güýjüne, ykdysadyýetimiziň kuwwatly mümkinçiliklerine, taryhy-medeni mirasymyza, milli ýörelgelerimize daýanyp, täze taryhymyzyň ýeňişli sahypalaryny ýazýarys. Merdana halkymyzyň durmuşynyň mynasyp derejesini we hilini üpjün edýäris. Bütin dünýäde parahatçylygy, dost-doganlygy we durnukly ösüşi gazanmak ugrunda halkara bileleşigiň tagallalaryny hemmetaraplaýyn goldaýan, maksada gönükdirilen daşary syýasaty alyp barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň abraýyny barha belende galdyrýarys. Biz saýlap alan şu ýolumyz bilen hemişe öňe gideris.

Mähriban halkym!

Eziz watandaşlar!

Sizi mukaddes Gurban baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn! Goý, berkarar döwletimiziň Ýer ýüzündäki at-abraýynyň has-da belende galmagy, il-günümiziň agzybirligi üçin etjek doga-dilegleriňiz, gurbanlyk sadakalaryňyz hem-de baýram namazlaryňyz gudraty güýçli Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun!

Size berk jan saglyk, uzak ömür, egsilmez bagt, bedew bady bilen ösüşleriň täze sepgitlerine tarap ynamly öňe barýan ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW (TDH)



Degişli Habarlar