Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi

Berdimuhamedow Ýaponiýadaky suw joşguny we süýşgünler zerarly gynanç bildirdi

1009212
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Imperatory Akihito hem-de Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sindzo Abä ýurtda ýagan güýçli ýagyşlaryň netijesinde köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelere hem-de uly möçberli weýrançylyklara getiren giň gerimli suw joşguny we süýşgünler zerarly, gynanç hatlaryny iberdi.

Türkmenistanyň Prezidenti şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna çuňňur gynanjyny we medet beriji sözlerini beýan etdi, ejir çekenlere bolsa, tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini aýtdy.



Degişli Habarlar