Beýik Ýeňşiň şanyna guralan dabaralar

Düýn Türkmenistanda adamzadyň parahatçylyga, dostluga, ynsanperwerlige we halklaryň jebisligine bolan telwasyny aňladýan 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş baýramyna bagyşlanan çäreler geçirildi

967712
Beýik Ýeňşiň şanyna guralan dabaralar

Beýik Ýeňşiň 73 ýyllygynyň şanyna, asylly däbe görä, ýurdumyzyň ähli şäherlerinde we obalarynda uruşda wepat bolan gahrymanlaryň ýagty ýadygärlikleri hormatlanylýar. Weteranlara aýratyn mähirlilik bilen sarpa goýulýar. Bu şanly sene türkmen halkynyň belent watançylygynyň we edermenliginiň, onuň parahatçylyk söýüjilik, döredijilik ýörelgelerine, ata-babalaryň parasatly wesýetlerine ygrarlylygynyň nyşany hökmünde milli senenamada möhüm orun eýeleýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň baýramçylyk Gutlagynda: “Wagt nusgalyk söweş hem-de durmuş ýoluny geçen watandaşlarymyzyň hataryny barha azaltsa-da, gazaply uruş ýyllarynyň güzaplary, jebir-jepalary, ýetiren zyýany hiç wagt unudylmaýar. Batyrlygyň, edermenligiň beýik nusgasyny görkezen gahrymanlar kalbymyzda baky ýaşaýar. Şoňa görä-de, azat-erkana durmuş ugrundaky aldym-berdimli söweşlerde mertligiň, gaýduwsyzlygyň, ýanbermezligiň belent nusgasyny görkezen gahrymanlarymyzy, gije-gündiz zähmet çekip, beýik Ýeňşi gazanmaga ägirt uly goşant goşan watandaşlarymyzy uly hormat bilen ýatlaýarys” diýlip bellenilýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň alyp barýan, şöhratly ata-babalaryň ynsanperwer we döredijilik däplerine esaslanýan, ählumumy parahatçylygyň we howpsuzlygyň berkidilmegine, netijeli hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine gönükdirilen döwlet syýasaty ýokary halkara abraýa eýe boldy. Häzirki wagtda biziň ýurdumyz sebitde parahatçylygy dörediji merkez hökmünde ykrar edilýär. Munuň özi ata-babalarymyzyň edermenliklerine mynasyp hormat goýmagyň nyşanydyr.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe kyrkynjy ýyllaryň agyr synaglaryny başdan geçiren uly nesliň wekilleriniň mynasyp durmuşyny üpjün etmek ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda goýulýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ähli taraplaýyn aladalary netijesinde fronta gatnaşyjylara, tylda zähmet çekenlere we esger ojagyny saklap oturan enelere köp sanly ýeňillikler berilýär.

Taryhy müňýyllyklaryň jümmüşine kök urup gidýän türkmen halky çagalary terbiýelemekde esasy ýörelgeleriň biri hökmünde ata-babalaryň köpasyrlyk wesýetlerini baýlaşdyryp, olaryň dowamly bolmagyna gol berýär. Häzirki wagtda uruş weteranlary ýaş nesilde ýokary watançylyk, gahrymançylyk, edermenlik duýgularynyň kemala gelmegi, jemgyýetde bitewüligiň we jebisligiň berkemegi üçin asylly işleri alyp baryp, ägirt uly özgertmeleri durmuşa geçirmek işine özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň alyp barýan öňdengörüjilikli syýasy ugry netijesinde Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistan tutuş Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylygyň we durnuklylygyň mizemez daýanjy bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parahatçylyk söýüjilik, açyklyk we netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasy, öňe sürýän döredijilikli başlangyçlary biziň halkymyzda doly we biragyzdan goldaw tapýar. Şeýle hem halkara jemgyýetçilik tarapyndan giňden ykrar edilýär.

Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, türkmen topragynda parahatçylykly we döredijilikli zähmetiň bähbidine Türkmenistanyň Prezidentiniň  ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan ähli oňyn özgertmeler halkymyzyň abadançylygyna gönükdirilendir. Beýik özgertmeler eýýamy ýurdumyzyň durmuşynyň ähli ugurlaryny gurşap aldy. Paýtagtymyzyň, obadyr şäherlerimiziň keşbi gün-günden gözelleşýär, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň, döwrebap bilim we lukmançylyk edaralarynyň, sport toplumlarynyň, senagat kärhanalaryň we beýlekileriň gurluşygy ýokary depginlerde alnyp barylýar.

Biz uruş ýyllarynda söweş meýdanlarynda ýurdumyzy goran hem-de tylda zähmet çeken adamlaryň görkezen edermenlikleri netijesinde häzirki belent sepgitlere eýe bolduk, biziň watandaşlarymyz Watanymyzyň we halkymyzyň geljegi üçin uruş meýdanlarynda janlaryny pida etdiler.

Şanly senäniň öňüsyrasynda ýurdumyzyň bilim edaralarynda uly nesliň wekilleri bilen duşuşyklar, sergiler, edebiýat agşamlary geçirildi. Gowgaly kyrkynjy ýyllaryň weteranlaryna, şeýle hem tylda zähmet çekenlere Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan pul sylaglary we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

...Ir säher bilen asylly däbe görä, adamzadyň taryhynyň iň bir gandöküşikli söweş meýdanyndan gaýdyp gelmedik esgerleriň ýagty ýadygärligini hormatlamak üçin “Halk hakydasy” ýadygärliginiň ýanyna Mejlisiň deputatlary, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, zähmetkeşler toparlary we din wekilleri, hormatly il ýaşululary, talyp ýaşlar, frontçy gahrymanlaryň ogullary we gyzlary, agtyklary we çowluklary, paýtagtymyzyň ýaşaýjylary we myhmanlary geldiler. Çärä gatnaşyjylaryň hatarynda Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary hem bar.

Uruş weteranlary, şeýle hem tylda ýeňşe garaşyp, gije diýmän, gündiz diýmän zähmet çekenler şu günki dabaranyň gahrymanlary boldular.

Türkmen halkynyň gahrymançylykly däp-dessuryny we edermen ata-babalarymyzyň watançylyk wesýetlerini miras alan ýaş esgerler hormat garawulynda durlar. Häzirki wagtda döwletimiz olara müňlerçe adam ömürleriniň hasabyna gazanylan serhetlerimiziň asudalygyny, arassa asmanyň we garaşsyzlygymyzyň goragyny ynandy.

Dabaraly pursat ýetip gelýär—“Baky şöhrat” ýadygärliginiň etegine hormatly Prezidentimiziň adyndan gül çemenleri goýulýar. Soňra gahrymanlaryň ýagty ýadygärligine tagzym etmäge gelen uruş weteranlary, milli parlamentiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, daşary ýurtly diplomatlar, köp sanly zähmetkeşler toparlarynyň wekilleri, Beýik Watançylyk urşunyň esgerleriniň ogullary we agtyklary gül desselerini goýýarlar.

Sanlyja minutlardan ajaýyp güller, täsin haly misli, ýadygärligiň etegine ýazyldy.

Biz milli gahrymanlaryň öňünde tagzym edýäris. Olaryň deňsiz-taýsyz edermenligine mukaddes sarpa goýýarys. Ata-babalarymyzyň şöhratly durmuş ýoly biziň üçin watançylygyň, mähriban topraga çäksiz wepalylygyň we mukaddes Watanymyza gulluk etmegiň mekdebidir.

...Düýn şanly senäniň - Beýik Ýeňşiň 73 ýyllygynyň hormatyna ýurdumyzyň ähli şäherlerinde we obalarynda gül goýmak dabaralary boldy we däp bolan sadakalar berildi. “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýlip atlandyrylýan ýylda Ýeňiş güni mynasybetli guralan medeni çäreler biziň Garaşsyz, Bitarap Watanymyza bolan buýsanjymyzy has-da artdyrar. (TDH)



Degişli Habarlar