Hazarýaka döwletleriň ygtyýarly wekilleriniň duşuşygy

Paýtagtymyzda Hazarýaka döwletleriň ygtyýarly wekilleriniň nobatdaky mejlisi öz işine başlady

957489
Hazarýaka döwletleriň ygtyýarly wekilleriniň duşuşygy

Oňa Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň we Türkmenistanyň ugurdaş ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary we esasy hünärmenleri gatnaşýarlar.

Bu ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň, Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça döwlet edarasynyň guramagynda Hazarýaka döwletleriň ulag babatda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşygynyň taslamasyny ylalaşmak maksady bilen geçirilýän bilermenleriň üçünji duşuşygydyr. Bu resminamany türkmen tarapy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2014-nji ýylda Astrahan şäherinde (Russiýa Federasiýasy) geçirilen Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň sammitinde öňe süren başlangyçlaryna laýyklykda işlenip taýýarlanyldy.

Mejlisiň dowamynda ulag pudagynyň milli ykdysadyýetiň ösüşine hyzmat edýändigi we Hazar sebitiniň ýurtlarynyň arasynda işjeň hem-de netijeli gatnaşyklary ýola goýmakda möhümdigi bellenildi. Bu gatnaşyklar dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, birek-biregiň bähbitlerine hormat goýmak esasynda alnyp barylýar. Biziň döwletlerimiziň Ýewropa bilen Aziýanyň aralygynda çäk taýdan amatly ýerleşmegi esasy aýratynlyk bolup durýar. Bu bolsa üstaşyr gatnawlar, logistik hyzmatlary ýola goýmak babatda ägirt uly mümkinçilikleri açýar.

Häzirki döwürde her bir ýurt deňiz, awtomobil, demir ýol we howa ugurlary boýunça ýolagçylary gatnatmak, ýükleri daşamakda döwrebap düzümi döretmek babatda iri maýa goýum taslamalaryny amala aşyrýar. Türkmenbaşy şäherinde täze Halkara deňiz menziliniň gurulmagy munuň subutnamasydyr. Ýakyn wagtda bu desga ulanylmaga berler. Hereket edýän yklymüsti ugurlary işjeňleşdirmek, Hazaryň üstünden geçýän täze halkara ulag geçelgelerini döretmek, goňşy döwletleriň mundan beýläk-de sazlaşykly durmuş-ykdysady ösüşi üçin zerur şertleri döretmek, maýa goýum ýagdaýyny ýokarlandyrmaga şert döretmek sebit hem-de sebitara söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we syýahatçylyk ulgamyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegine kömek eder.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň “Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde ulag üstaşyr geçelgeleriň orny”, “Durnukly multimodal üstaşyr geçelgelerini döretmäge goldaw bermek maksady bilen, ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda hemmetaraplaýyn gatnaşyklary üpjün etmegiň ýolunda” hem-de “Durnukly ösüş boýunça maksatlara ýetmek üçin ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasyndaky gatnaşyklary berkitmek” Kararnamalary kabul edendigi nygtaldy.

Häzirki döwürde maý aýynyň başynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek möhüm çärelere — ulag ulgamy boýunça halkara maslahatyna we Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasyna agza ýurtlaryň ulag ministrleriniň IX mejlisiniň geçirilmegine taýýarlyk işleri alnyp barylýar.

Mejlisiň dowamynda oňa gatnaşyjylar ulaglaryň dürli görnüşleriniň özara gatnaşyklaryny we bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmek, hyzmatdaşlygyň tehnologik çyzgysyny taýýarlamak, ugurdaş gümrük kanunçylygy, töleg syýasaty, üstaşyr ýükleri hasaba almak çärelerini ýönekeýleşdirmek ýaly multimodal gatnawlaryň sebitleýin utgaşdyrylmagy bilen baglanyşykly meseleleriň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Bu ýere ýygnananlar Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň nobatdaky ýokary derejede boljak duşuşygyna taýýarlygyň çäklerinde Hazar deňzinde hyzmatdaşlygyň ähli möhüm ugurlary boýunça ägirt uly işleriň geçirilendigini bellediler. Täze ylalaşygyň taslamasy boýunça pikirleri ylalaşmak çäresi tamamlanyp barýar. Oňa gol çekilmegi bolsa sebitiň ýurtlarynyň ulag ulgamlarynyň utgaşdyrylmagynda möhüm waka öwrüler hem-de strategik taýdan wajyp hasaplanýan ulag ulgamyndaky özara bähbitli gatnaşyklaryň ösdürilmegine itergi berer. (TDH)



Degişli Habarlar