Gurbanguly Berdimuhamedow Milli olimpiýa komitetiniň baştutanlygyna gaýtadan saýlanyldy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Milli olimpiýa komitetiniň baştutanlygyna gaýtadan saýlanyldy

956837
Gurbanguly Berdimuhamedow Milli olimpiýa komitetiniň baştutanlygyna gaýtadan saýlanyldy

Aşgabatda Türkmenistanyň Milli olimpiýa komitetiniň (MOK) Baş Assambleýasynyň mejlisi boldy. Onuň gün tertibine birnäçe möhüm meseleler, şol sanda soňky ýyllarda ýerine ýetirilen işler barada hasabat, olimpiýa hereketini mundan beýläk-de ösdürmegiň meýilnamalary hem-de MOK-nyň prezidentini we Ýerine ýetiriji komitetiň agzalaryny saýlamak meseleleri girizildi.

Milli olimpiýa komitetiniň 2016 — 2017-nji ýyllardaky ýerine ýetiren işleri baradaky synda 2017-nji ýylyň sentýabrynda Aşgabatda üstünlikli geçen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň bu döwürde biziň ýurdumyz üçin esasy waka bolandygy bellenildi. Halkara sport jemgyýetçiligi tarapyndan oýunlaryň ýokary derejede guralyşyna, iň berk dünýä standartlarynyň talaplaryna laýyk gelýän düzümleriň nusgalyk hiline ýokary baha berildi.

Milli olimpiýa komitetiniň Baş Assambleýasyna gatnaşyjylar MOK-nyň başlyklygyna Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gaýtadan saýlanylmagyna biragyzdan ses berdiler.

Assambleýada Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan başy başlanan sporta höweslendirmek, maksada okgunly goldamak we ösdürmek barada oňyn strategiýanyň V Aziýa oýunlarynyň ilkinji günlerinden umumy medal hasabynda iň öňdäki orny ynamly eýelän, gazanan 245 medallarynyň 89-sy altyn bolan türkmen türgenleriniň ajaýyp netijeleri gazanmaklaryny şertlendirendigi nygtaldy. Bu ajaýyp üstünlik halkara giňişliginde Bitarap Türkmenistanyň sport döwleti hökmündäki mertebesini has-da berkitdi, ýurdumyzyň sport abraýyny täze hil derejelerine galdyrdy.

“Aşgabat 2017” oýunlaryny biziň ýurdumyzyň halkara sport we Olimpiýa hereketine, sporty sebitleýin we ählumumy derejede wagyz etmek we ösdürmek işine goşan aýratyn goşandy hökmünde doly derejede görkezmek bolar. Oňyn Bitaraplyk we “Açyk gapylar” syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirýän Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýratyn üns bermegi netijesinde Aziadanyň aýdyň, ýatdan çykmajak waka bolup galmagy üçin ähli işler edildi. Hakykatdan-da, Aziada sportuň, parahatçylygyň ägirt uly baýramy, bu iri bäsleşigiň dowam edip gelýän bütin taryhynda iň bir giň gerimli ýaryş hökmünde oňa gatnaşyjylaryň ýadynda ömürlik galdy. Aziýadan bolan türgenler bilen bir hatarda Okeaniýa ýurtlaryndan gelen türgenler, şeýle hem bosgunlaryň Olimpiýa topary hem bu oýunlara ilkinji gezek gatnaşdylar.

“Aşgabat 2017-niň” oýunlaryna Ýer şarynyň döwletleriniň üçden birine golaýynyň wekilçilik edenligi hem olaryň parahatçylyk dörediji, ynsanperwerlik işe gol berýändiklerini aýdyň tassyklaýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy esasynda BMG-niň adam hukuklary baradaky geňeşiniň 36-njy mejlisinde “Parahatçylygy we adam hukuklaryny pugtalandyrmakda bosgunlaryň Olimpiýa toparlarynyň önjeýli goşandyny höweslendirmek hakynda” Jarnamanyň kabul edilmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr.

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň dünýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde örän uly gyzyklanma döredendigini hem ajaýyp waka hökmünde bellemek bolar. Olaryň köpsanly wekilleri diňe bir dabaranyň açylyşyny we ýapylyşyny beýan etmek bilen çäklenmediler, eýsem şol bir wagtda biziň ýurdumyz hakynda reportažlary we dürli görnüşli makalalary taýýarladylar. Şeýlelikde, “Aşgabat 2017” oýunlary Ýer şarynyň dürli künjegindäki müňlerçe adamlara şöhratly taryhy we baý medeniýeti bolan Türkmenistany täzeden açmaga giň mümkinçilik berdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sport hereketiniň ösdürilmegine uly üns berýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda bu ugurda öň görlüp-eşidilmedik ýokary derejä ýetildi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ähli sebitlerinde sagdyn durmuşyň binýady bolan häzirki zaman sport toplumlary, stadionlar, sport mekdepleri, bedenterbiýe bilen meşgullanmak üçin meýdançalar guruldy. Ýurdumyzda her ýylda sportuň dürli görnüşleri boýunça bölümler açylýar.

Ýurdumyzda türgenleriň taýýarlyk derejesiniň ýokary bolmagyna halkara bäsleşiklerinde ýokary derejeleri gazanmaga ýardam berýän iň bir amatly şertler döredilýär. Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2020-nji ýylda Tokioda geçiriljek ХХХII tomusky Olimpiýa oýunlaryna milli ýygyndy toparlarynyň taýýarlygyny üpjün etmek hakynda Karara gol çekdi. Biziň türgenlerimiz Jakartada geçiriljek tomusky Aziada oýunlaryna hem işjeň taýýarlanýarlar. Bu oýunlaryň badalga almagyna dört aýdan hem az wagt galdy.

Häzirki mejlisde şeýle hem Türkmenistanda Olimpiýa hereketlerini ösdürmegiň meýilnamalaryna garaldy, MOK-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň agzalary saýlanyldy.



Degişli Habarlar