Türkmenistan - Özbegistan gatnaşyklary pugtalanýar

Türkmenistan - Özbegistan Respublikasy: hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny yzygiderli ösdürmek ýoly bilen

956479
Türkmenistan - Özbegistan gatnaşyklary pugtalanýar

Umumy ykrar edilen Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda hemmetaraplaýyn ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan Bitarap Türkmenistan häzirki zaman halkara gatnaşyklar ulgamyna işjeň gatnaşyp, parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak, durnukly ösüşiň we sebit howpsuzlygyny üpjün etmegiň uzak möhletli maksatlaryny durmuşa geçirmek işine saldamly goşant goşýar. Milli ösüşiň we daşary syýasy strategiýany üstünlikli durmuşa geçirmegiň giň gerimi durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça maksatnamalaýyn wezipeleri amala aşyrmak bilen sazlaşýar. Şunda Türkmenistanyň oňyn pikirleri we başlangyçlary bütin dünýä proseslerine oýlanyşykly çemeleşmeleri gözlemäge hem-de işläp taýýarlamaga gönükdirilendir, olar özara düşünişmek hem-de ynanyşmak, ähli döwletleriň we halklaryň deňhukuklylygyny üpjün etmek we bähbitlerini berjaý etmek ýagdaýyny pugtalandyrmaga ýardam edýär. Türkmenistanyň başyny başlan, sebitiň ýurtlarynyň we giň halkara bileleşigiň parahatçylygy pugtalandyrmak hem-de ýurtlaryň we halklaryň durmuş-ykdysady taýdan ösüşini üpjün etmek boýunça tagallalaryny birleşdirmäge gönükdirilen başlangyçlary hut şu ugurda amala aşyrylýar.

Ýakyn goňşular bilen ysnyşykly we köptaraply gatnaşyklary ösdürmek döwletimiziň daşary syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar. “Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017 — 2023-nji ýyllar üçin konsepsiýasyny” durmuşa geçirmegiň çäklerinde sebitiň döwletleri bilen özara düşünişmek we ynanyşmak ýörelgeleri esasynda hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýär. Munuň özi Merkezi Aziýada parahatçylygy we howpsuzlygy saklamagyň hem-de pugtalandyrmagyň esasy şerti bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýada amatly geosyýasy we ykdysady şertleri döretmäge hemmetaraplaýyn ýardam bermek, şeýle hem giň halkara hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini netijeli çözmek Türkmenistanyň sebit strategiýasynyň esasyny düzýär. Şundan ugur almak bilen, Türkmenistan sebitiň döwletleri bilen ikitaraplaýyn esasda, şeýle hem abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny we özara bähbitli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär.

Özbegistan Respublikasy Türkmenistanyň iň ýakyn goňşularynyň biri bolup durýar. Bu ýurt bilen dostluk we doganlyk gatnaşyklary öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýar hem-de döwrüň synagyndan geçendir. Biziň ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň taryhy ösüşinde, medeniýetlerinde we däp-dessurlarynda hem umumylyklar köpdür. Iki döwletiň hem Aziýa yklymynyň merkezinde geografik taýdan amatly ýerleşmegi diňe bir sebit däl, eýsem, ählumumy möçberde hem möhüm ähmiýete eýedir. Türkmenistan we Özbegistan söwda-ykdysady hem-de ulag-kommunikasiýa geçelgeleriniň möhüm çatrygynda ýerleşmek bilen, “Gündogar — Günbatar” we “Demirgazyk — Günorta” ugurlary boýunça has geljegi uly ugurlary ösdürmek boýunça utgaşykly gatnaşyk edýärler.

Türkmenistan we Özbegistan gadymy we täsin medeniýetleriň mirasdüşerleri bolmak bilen, umumadamzat gymmatlygynyň aýrylmaz bölegi bolan taryhy-arheologik ýadygärliklere aýawly garamak babatda hyzmatdaşlyk edýärler. 
ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen hem-de häzirki we geljekki nesiller üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyga eýe bolan Nusaýyň, Merwiň, Köneürgenjiň, Samarkandyň, Buharanyň, Hywanyň we beýleki merkezleriň arheologik ýadygärlikler we binagärlik toplumlary häzirki döwürde diňe bir köp sanly syýahatçylar üçin däl, eýsem, dünýäniň iri ylym-bilim merkezlerinden alymlar üçin özüne çekiji merkezler bolup durýar. Ençeme müňýyllyklar mundan ozal olarda häzirki siwilizasiýanyň esasy goýlupdyr.

Tebigatyň özi biziň topragymyza täsin baýlyklary peşgeş berdi. Olar bolsa geografik landşaftda hem-de ägirt uly ýerasty baýlyklarda öz beýanyny tapýar. Türkmenistan we Özbegistan tebigata hem-de onuň baýlyklaryna aýawly garamak bilen, suw-energetika serişdelerini rejeli ulanmak, ekologiýany gowulandyrmak hem-de daşky gurşawy goramak boýunça bilelikde işleýärler.

Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Garaşsyzlyga eýe bolan pursadyndan iki halkyň hoşniýetli we doganlyk gatnaşyklary täze taryhy eýýama gadam basdy. 1993-nji ýylyň 7-nji fewralynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlanyndan soň, geçen çärýek asyrdan gowrak wagtyň dowamynda biziň döwletlerimiz ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde dostlukly we netijeli hyzmatdaşlygyň baý tejribesini topladylar. Türkmen-özbek gatnaşyklarynyň okgunly ösüşi syýasy gepleşiklere, söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk ulgamlarynyň giňeldilmegine, şeýle hem medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça ysnyşykly gatnaşyklara esaslanýar.

Türkmenistan Özbegistan Respublikasynyň durmuşa geçirýän, ýurtlaryň milli bähbitlerine esaslanýan açyk we oňyn daşary syýasatyna hormat goýmak bilen garaýar. Özbegistan, öz nobatynda, Türkmenistanyň umumy ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk halkara hukuk derejesine hormat goýmak we goldamak bilen, 1995-nji we 2015-nji ýyllarda BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalarynyň kabul edilmeginiň awtordaşlarynyň biri bolup durýar. Özbegistan parahatçylyk söýüji ýurt bolmak bilen, berk daşary syýasy garaýyşlara eýerýär. Onuň esasyny bolsa islendik harby-syýasy toparlara goşulyşmazlyk, öz çäginde daşary ýurtlaryň harby bazalarynyň we desgalarynyň ýerleşdirilmegine ýol bermezlik hem-de ýurduň harby gullukçylarynyň daşary ýurtlarda parahatçylyk dörediji operasiýalara gatnaşmazlygy, ähli gapma-garşylyklary we dawalary diňe parahatçylykly syýasy ýol bilen çözmek ugruna ygrarlylyk düzýär.

Türkmenistan we Özbegistan Respublikasy halkara bileleşigiň parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça tagallalaryny birleşdirmek işine mynasyp goşant goşýarlar. Häzirki döwrüň derwaýys meseleleri boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň üsti netijeli hyzmatdaşlyk hem-de abraýly halkara düzümleriň, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde birek-biregiň başlangyçlaryny goldamak bilen ýetirilýär. Hususan-da, Özbegistan Türkmenistanyň energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna howpsuz üstaşyr geçirmek, ählumumy ulag we halkara gatnaşyklaryň beýleki meseleleri boýunça hyzmatdaşlyk etmek ulgamynda başyny başlan iri resminamalaryň birnäçesiniň awtordaşy bolup durýar.

Ýokary ýolbaşçylaryň derejesinde şahsy we özara ynanyşmaga beslenen gatnaşyklar ösüşleriň yzygiderli depginli bolmagynyň hem-de hoşniýetli goňşuçylyk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň möhüm ýagdaýy bolup durýar. Hormatly Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew iki döwletiň we olaryň halklarynyň, parahatçylygyň we durnukly ösüşiň bähbitlerine özara peýdaly hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerine oňyn garamagyň we olary netijeli çözmegiň belent nusgasyny iş ýüzünde görkezýärler. Resmi saparlaryň, halkara maslahatlaryň hem-de ýokary derejeli beýleki forumlaryň çäklerinde bolýan gatnaşyklar mahaly geçirilen duşuşyklar we gepleşikler munuň ynamly subutnamalarydyr.

Özbegistanyň Baştutany hökmünde Prezident Şawkat Mirziýoýewiň öz ilkinji döwlet saparyny 2017-nji ýylyň martynda Türkmenistana amala aşyrandygy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Aşgabatda ýokary derejede geçirilen netijeli gepleşikler, Özbegistan bilen Türkmenistanyň arasynda strategik hyzmatdaşlyk hakynda gol çekilen Şertnama, şeýle hem beýleki resminamalaryň uly toplumy ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypanyň açylandygyny aňlatdy. Syýasy, söwda-ykdysady hem-de hyzmatdaşlyk etmegiň medeni-ynsanperwer ulgamlaryny nazara almak bilen, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň giň gerimi boýunça doly möçberli gatnaşyklary ösdürmegiň başy başlandy.

2017-nji ýylyň 19 — 20-nji maýynda Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana iş sapary ozal gazanylan ylalaşyklary has-da öňe ilerletmekde tapgyrlaýyn ähmiýete eýe boldy. Ýagdaýlar barada geçirilen pikir alyşmalar hem-de goşmaça mümkinçilikleriň ara alnyp maslahatlaşylmagy biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly itergi berdi.

Hemmetaraplaýyn esaslandyrmaga we uzak möhletleýin geljek üçin milli ösüş strategiýasyny durmuşa geçirmäge çemeleşmeleriň gabat gelýändigi özara bähbitleri ýakynlaşdyrmak üçin düýpli ähmiýete eýedir. Hususan-da, biziň ýurdumyzda Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki milli maksatnamasy, ýurdumyzy 2018 — 2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasy, Aşgabat şäheriniň binagärlik-şähergurluşyk keşbini mundan beýläk-de özgertmegiň maksatnamasy hem-de beýleki maksatnamalar durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzy 2024-nji ýyla çenli ösdürmegiň maksatnamasyny giň gerimde durmuşa geçirmegiň çäklerinde häzirki wagtda Türkmenistanda umumy bahasy ABŞ-nyň 42 milliard dollaryndan gowrak bolan iri desgalaryň 1600-den gowragynyň gurluşygy dowam edýär. 2018-nji ýylyň şygary: «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» häzirki zaman we ýokary tehnologiýaly ulag-kommunikasiýa düzümlerini döretmek boýunça halkara tagallalary birleşdirmäge biziň döwletimiziň açykdygyny alamatlandyrýar. Şol tagallalar parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň belent maksatlaryna ýardam bermäge gönükdirilendir.

Özbegistanda häzirki 2018-nji ýyl işjeň telekeçiligi, innowasion pikirleri we tehnologiýalary goldamagyň ýyly diýlip yglan edildi. Bu bolsa ykdysady ulgamda, senagatda hem-de ýurdy ylmy-tehniki taýdan ösdürmekde okgunly ösüşleri üpjün etjek özgertmeleri durmuşa geçirmäge ymtylyşy aňladýar. Doganlyk ýurduň daşary syýasat işleriniň baş we ilkinji nobatdaky wezipeleriniň biri 2017 — 2021-nji ýyllarda Özbegistan Respublikasyny ösdürmegiň ileri tutulýan bäş ugry boýunça hereket etmegiň strategiýasyny netijeli amala aşyrmakdan ybaratdyr. 2017 — 2021-nji ýyllara niýetlenen strategiýanyň maksady geçirilýän özgertmeleriň netijeliligini düýpli ýokarlandyrmak, döwletiň we jemgyýetiň hemmetaraplaýyn hem-de depginli ösüşini üpjün etmek üçin şertleri döretmek, ýurdy döwrebaplaşdyrmak we durmuşyň ähli ulgamlaryny liberallaşdyrmak bolup durýar. Bäş ýylyň dowamynda Özbegistany ösdürmegiň strategiýasynyň çäklerinde 2017 — 2021-nji ýyllardaky döwür üçin umumy bahasy 40 milliard dollar bolan maýa goýum taslamalarynyň 657-sini amala aşyrmak hem-de senagat önümçiliginiň möçberini 1,5 esse köpeltmek meýilleşdirilýär.

Baý serişde binýady, Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň eksport kuwwatynyň artyşy ikitaraplaýyn söwdanyň möçberleriniň hemmetaraplaýyn ýokarlandyrylmagynyň we giňeldilmeginiň, ykdysady hyzmatdaşlygyň hem-de ylmy-tehniki gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynyň ygtybarly esasy bolup hyzmat edýär. Soňky ýyllarda biziň döwletlerimiziň arasynda eksport-import amallarynda senagat düzümleriniň agdyklyk etmegi barha köp ýüze çykýar. Hususan-da, Türkmenistan goňşy ýurda nebithimiýa, dokma senagaty, şeýle hem azyk we gaýtadan işleýän senagatyň önümlerini iberýär. Özbegistan, öz nobatynda, Türkmenistana himiýa senagatynyň önümlerini, gurluşyk serişdelerini, hojalyk we elektrik harytlary, metal önümlerini, enjamlary hem-de ulag serişdelerini eksport edýär. Şunda 2018 — 2020-nji ýyllar üçin ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Şertnama hem-de harytlary özara ibermek hakynda Ylalaşyk iki ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek üçin zerur bolan halkara-hukuk şertleriniň üpjün edilmegine ýardam berýär.

Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň mejlislerinde Türkmenistanyň we Özbegistanyň özara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek meseleleri yzygiderli ara alnyp maslahatlaşylýar. Hususan-da, hökümetara toparyň, nobatdaky, on dördünji mejlisi 2018-nji ýylyň 1 — 2-nji martynda Daşkentde geçirilip, şonda ozal gazanylan ylalaşyklary netijeli durmuşa geçirmegiň çärelerine garaldy. Yzygiderli sergiler we işewürlik maslahatlary hem-de iki ýurduň telekeçilik düzümleriniň arasynda göni gatnaşyklaryň ýola goýulmagy söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň netijeli amala aşyrylmagyna köp babatda ýardam berýär. Şunuň bilen baglylykda, 2018-nji ýylyň 29 — 31-nji martynda Aşgabatda Özbegistan Respublikasynyň ilkinji Senagat sergisiniň üstünlikli geçirilendigini bellemek gerek.

Iki döwletiň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklar biziň halklarymyzyň has-da ýakynlaşmagyna hem-de medeniýetleriniň özara baýlaşmagyna ýardam berýär. 2017-nji ýylda bu ugurda 2017 — 2019-njy ýyllar üçin Türkmenistanyň hökümeti bilen Özbegistan Respublikasynyň hökümetiniň arasynda medeni-ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlyk etmegiň maksatnamasyna gol çekildi. Şol maksatnamanyň çäklerinde birnäçe bilelikdäki çäreler, şol sanda, iki ýurduň medeniýet we sungat işgärleriniň konsertleri, sergiler we forumlar, döredijilik festiwallary we maslahatlar göz öňünde tutuldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasyna boljak döwlet saparynyň hoşniýetli goňşuçylygyň we özara hormat goýmagyň köpasyrlyk däpleriniň, netijeli hyzmatdaşlygy goldamagyň esasynda amala aşyrylýan gadymy doganlyk gatnaşyklaryny hil taýdan has täze derejä çykarmagy aňladyp, taryhy ähmiýetli waka öwrüljekdigi gürrüňsizdir. (TDH)



Degişli Habarlar