Eýran bilen Türkmenistan tussaglylaryny çalyşdy

Türkmenistanda tussag edilen Eýranly 283 adam boşadyldy

940033
Eýran bilen Türkmenistan tussaglylaryny çalyşdy

Eýranyň resmi habarlar gullugy IRNA-nyň berýän habaryna görä, Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhaniniň iki gün ozal Türkmenistana guran resmi saparynyň çäginde Türkmen lideri Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Aşgabatda geçiren gepleşiklerinde gazanylan ylalaşyga laýyklykda Türkmenistanda tussag edilen Eýranly 283 adam boşadyldy.

Habarda Eýranly tussaglylaryň Lütfübad gümrük geçelgesinden Eýrana ugradylandygy nygtaldy

Eýran hem Türkmenistanly 4 tussaglynyň boşadylandygyny we ýurduna ugradylandygyny habar berdi.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Behram Kasymy hem boşadylan Eýranly tussaglylaryň arasynda geçen hepde Hazar deňzinde türkmen gara suwlaryna girendigi sebäpli saklanan 2 balykçynyň hem bardygyny habar berdi.

 

 



Degişli Habarlar