Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk konserti

Düýn Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Halkara zenanlar güni mynasybetli aýal-gyzlarymyzyň hormatyna konsert geçirildi

925195
Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk konserti

Bu bahar baýramy Türkmenistanda milli däp-dessurlara laýyklykda bellenilýär, şol däp-dessurlar halkymyzyň aýal-gyzlara, ilkinji nobatda bolsa, enelere goýýan belent sarpasyny beýan edýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, özünde mähirliligi hem-de rehimdarlygy, wepalylygy we pähim-paýhasy, gözelligi hem-de çeper el işine ussatlygy jemleýän türkmen zenanyna asyrlaryň dowamynda belent sarpa goýlup gelinýär. Täze taryhy döwürde zenanlar hakynda alada, olaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmak, ýurdumyzyň Konstitusiýasyna hem-de halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda gender deňligini üpjün etmek Garaşsyz, Bitarap türkmen döwletiniň syýasy ugrunyň ileri tutulýan möhüm wezipeleriniň biri bolup durýar.

8-nji mart baýramynda eneler, uýalar, gyz-gelinler gutlanylýar, olara iň gowy sözler aýdylýar. Şunda aýdym-saz, şygryýet we tutuşlygyna sungat öz duýgularymyzy beýan etmegiň iň täsirli usullary bolup hyzmat edýär. Şu günki guralan konsert hem onuň mysalydyr, konserte ýurdumyzyň ähli künjeklerinden zenanlar çagyryldy. Olaryň hatarynda zähmet weteranlary, milli parlamentiň deputatlary, jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri, önümçiligiň öňdebaryjylary, “Ene mähri” diýen hormatly ada mynasyp bolan köp çagaly eneler, Halkara zenanlar gününiň öň ýanynda jemleýji tapgyry geçirilen “Ýylyň zenany” atly bäsleşigiň ýeňijileri bar.

Zenanyň keşbi köp sanly şahyrana, saz eserlerinde wasp edilendir. Nusgawy türkmen edebiýaty aýal-gyzlara çäksiz söýgä we belent sarpa beslenendir, halk tarapyndan döredilen we nesilden-nesle geçip gelýän ene ýüreginiň mähri enäniň wesýetleriniň hem-de nesihatlarynyň gudraty baradaky rowaýatlar bolsa türkmen halkynda mukaddeslik hökmünde enä bolan belent hormat-sarpany kemala getirdi.

Bu pikir Mukamlar köşgüniň sahnasynda bolan baýramçylyk konsertiniň hem esasyny emele getirdi. “Dünýäniň sallançagy enäň elinde” atly edebi-sazly kompozisiýa konsertiň ajaýyp başlangyjyna öwrüldi. Ony artistler, tans toparlary, şol sanda çagalar tans toparlary ýerine ýetirdiler. Onda tolgundyryjy hoşniýetlilik we asyllylyk, kalby päklik hem-de parasatlylyk, gözellik we ygrarlylyk, çäksiz söýgi hem-de mähirlilik wasp edildi. Bu duýgular biziň Watanymyzyň zenanlaryna mahsusdyr.

Bu watançylyk ruhundaky döredijilik çykyşy Zenana — Enä bagyşlanan sena bolup ýaňlandy. Olar öz tebigaty boýunça parahatçylyk döredijidir hem-de maşgala ojagyny saklaýjydyr, jemgyýetde, döwletde ylalaşygy goraýjydyr.

“Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýen şygar astynda geçýän şu ýyl ýurdumyzda ajaýyp bahar baýramy aýratyn mazmuna beslenýär, çünki köpasyrlyk parasatly dessurlary hem-de özboluşly milli däpleri saklamakda aýal-gyzlara möhüm orun degişlidir. Zenanlar ähli döwürlerde erkekleri diňe bir ruhlandyrman, taryhy emele getirdiler, sungatyň naýbaşy eserlerini döretdiler. Rowaýatlar we hekaýatlar söweşjeň zenanlar, parasatly hökümdarlar barada gürrüň berýär. Olar taýsyz edermenlik we zehinlerini görkezipdirler. Häzirki döwürde ýurdumyzyň aýal-gyzlarynyň ruhy, akyl-paýhas hem-de ahlak mümkinçilikleri durmuş wezipelerini çözmekde, medeni gymmatlyklary gorap saklamakda, sagdyn nesilleri terbiýelemekde barha işjeň peýdalanylýar.

Belli halk we estrada ýerine ýetirijileriniň, halk döredijilik hem-de tans toparlarynyň çykyşlarynda geçmişiň we häzirki döwrüň, däp-dessurlaryň hem-de täze zamananyň arabaglanyşygy aýdyň ýüze çykdy. Bu gün sahnada erkekler has köp çykyş etdiler. Olar bagtyýarlygy hem-de wepadarlygy, ene söýgüsi hakda aýdym aýtdylar, mähriban topragymyzyň deňsiz-taýsyz gözelligini wasp etdiler. Gadam basan türkmen baharyny mübäreklediler.

Zenanlaryň hormatyna ýurdumyzyň sungat ussatlary zenanlara dünýäniň nusgawy saz eserlerinden çemen bagladylar.

Türkmen şahyrlarynyň şygyr setirlerine düzülen sazlar ýaňlandy. Artistler tansyň üsti bilen zenanlara dolup-daşýan söýgi we hoşallyk duýgularyny beýan etdiler. Ähli çykyşlaryň ýany bilen ajaýyp wideoşekiller görkezildi.

Ýomakçylar ýiti we gülküli sahnalary bilen ajaýyp aýal-gyzlarymyzy begendirdiler.

Däp boýunça baýramçylyk konsertiniň maksatnamasyna gadymy tans däp-dessury bolan “küştdepdi” girizildi. Ol halk döredijiliginiň milli öwüşgin berýän nusgasy bolup, milletiň taryhy-medeni däpleriniň we ruhy tejribesiniň özboluşlylygyny şöhlelendirýär. Geçen ýyl aýdym aýtmak we tans sungaty hökmünde “küştdepdi” tansy ÝUNESKO tarapyndan Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi.

Şu günler paýtagtymyzyň hem-de ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň iň oňat konsert meýdançalarynda aýdym-sazly çykyşlar guralýar. Hemme ýerlerde mähriban zenanlarymyzyň adyna mähirli gutlaglar, ajaýyp bahar ýaly gözellige beslenmek, söýgi we şatlyk, parahatçylyk hem-de rowaçlyk baradaky tüýs ýürekden çykýan mähirli arzuwlar aýdylýar.



Degişli Habarlar