Türkmen-rus ykdysady gatnaşyklary pugtalanýar

Aşgabatda Türkmenistanyň we Russiýanyň döwlet düzümleriniň hem-de işewür toparlarynyň wekilleriniň duşuşygy geçirilýär

923405
Türkmen-rus ykdysady gatnaşyklary pugtalanýar

Paýtagtymyzda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň şygary astynda hereket edýän Söwda we maýa goýum hyzmatdaşlygyna ýardam bermek boýunça Ýokary derejedäki topar öz işine başlady.

Hökümet derejesinde gazanylan ylalaşyklara laýyklykda guralan iki günlük duşuşygyň esasy maksady Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda netijeli özara hereket etmegiň täze ugurlaryny kesgitlemekden, işewür düzümleriniň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmekden ybaratdyr. Dostlukly döwletiň wekiliýetiniň düzümine döwlet düzümleriniň, dürli pudaklarda işleýän iri kärhanalaryň hem-de kompaniýalaryň ýolbaşçylary, Söwda we maýa goýum hyzmatdaşlygyna ýardam bermek boýunça Ýokary derejedäki toparyň agzalary girdi.

Ýurdumyzyň strategiki hyzmatdaşlarynyň biri bolan Russiýa bilen pugta aragatnaşyklary hemmetaraplaýyn berkitmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän daşary syýasat ýörelgesiniň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Bu gün ýurtlaryň ikisi hem hoşniýetli goňşuçylygyň köpasyrlyk däplerine ygrarlydyklaryny görkezip, milli bähbitleri hem-de durmuş-ykdysady ösüşiň ileri tutulýan ugurlaryny nazara alyp, hyzmatdaşlyk etmegiň häzirki zaman nusgasyny ýola goýýarlar.

Türkmenistanyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Baştutanlarynyň arasynda ýola goýlan özara düşünişmek we ynanyşmak, ýurtlaryň ikitaraplaýyn gatnaşyklary döwrüň ýagdaýlaryna laýyk gelýän täze belentliklere çykarmaga hemişe taýýarlygy netijeli gatnaşyklaryň möhüm ugrudyr. Ýokary derejedäki yzygiderli duşuşyklar, şol sanda halkara häsiýetli iri çäreleriň çäklerinde geçirilýän duşuşyklar munuň aýdyň mysalydyr.

2017-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň Türkmenistana resmi sapary türkmen-rus hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakda ähmiýetli ädim boldy. Şol saparyň barşynda söwda-ykdysady hem-de maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmäge, iki dostlukly halkyň hal-ýagdaýyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmagyň bähbitlerine şol gatnaşyklara kuwwatly depgin bermäge meýiller tassyklanyldy. Şunuň bilen baglylykda, GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň çäklerinde 11-nji oktýabrda Soçide (RF) geçirilen Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Wladimir Putiniň duşuşygynyň hem netijeli häsiýetini bellemek gerek.

Russiýa Federasiýasynyň sebitleri—Tatarystan Respublikasy, Sankt-Peterburg, Astrahan we Swerdlowsk oblastlary hem-de beýleki künjekleri bilen Türkmenistanyň netijeli gatnaşyk etmegi üstünlikli ösdürilýän hyzmatdaşlygyň subutnamasydyr. Şu babatda Russiýa Federasiýasynyň öňdebaryjy “Wozroždeniýe”, “KAMAZ”, “Zarubežneft” kompaniýalarynyň, “Sibir” awiakompaniýasynyň senagat pudagyny ösdürmek, şähergurluşygy, ulag ulgamlarynda we beýlekilerde Türkmenistanyň milli maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmeginde alyp barýan işlerini hem nygtamak zerurdyr. Russiýanyň maýa goýumlarynyň gatnaşmagynda hojalyk taraplarynyň 190-sy we bilelikdäki taslamalaryň 200-den gowragy hasaba alyndy. Soňky ýyllarda ýurdumyzdan Russiýa iberilýän önümleriň sany ep-esli artdy.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi barada aýtmak bilen, Türkmenistanyň depginli ösýän ykdysadyýeti bolan, daşary ýurt maýa goýumlar üçin özüneçekiji ýurtdugyny bellemek möhümdir. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň innowasion ýörelgelere we usullara esaslanýan ykdysady strategiýasy ýurdumyzyň dünýä hojalyk aragatnaşyklary ulgamyna üstünlikli goşulyşmagynyň möhüm şertleriniň biridir. Öz wagtynda görülýän toplumlaýyn çäreleriň netijesinde, jemi içerki önümiň, senagat önümleriniň öndürilişiniň, daşary söwda dolanyşygynyň görkezijileri artýar, içerki bazarda harytlaryň hem-de hyzmatlaryň nyrhlarynyň durnuklylygy hasaba alynýar, milli we halkara ähmiýetli iri taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gönükdirilýän maýa goýumlaryň möçberleri köpelýär.

Ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan, senagat pudagyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, degişli düzümleri düýpli döwrebaplaşdyrmaga, ýokary tehnologiýalary ornaşdyrmaga hem-de ylmy önümçilikleri döretmäge gönükdirilen iri möçberli maksatnamalar giň mümkinçilikleri açýar. Şu babatda ähli ulgamlarda diýen ýaly ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň uly geljegi bar.

Häzirki wagtda taraplaryň ikisi hem Ykdysady hyzmatdaşlygyň 2017-2019-njy ýyllar üçin hökümetara türkmen-rus maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine ileri tutulýan derejede üns berýärler. Şol maksatnama söwda, senagat, energetika hem-de inženerçilik üpjünçiligi, gurluşyk, oba hojalygy, ulag ulgamlarynda we beýlekilerde dürli çäreleriň hem-de taslamalaryň 80-sini özünde jemleýär. Bu resminamada kesgitlenilen wezipeleriň üstünlikli çözülmegi eksport-import alyşmalaryň düzümini giňeltmäge gönükdirilendir. Russiýanyň eksport merkeziniň işi hem bilelikdäki daşary ykdysady maksatnamalara ýardam bermäge gönükdirilendir.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen, kiçi we orta işewürligi hemmetaraplaýyn goldamak boýunça geçirilýän ägirt uly işleriň netijesinde bu ulgam aýratyn ösüşe eýe boldy. Türkmenistanda telekeçiligi höweslendirmek üçin has amatly şertler döredildi, karz bermegiň möçberleri giňeldildi, netijeli salgyt syýasaty durmuşa geçirilýär. Şu babatda häzirki tapgyrda iki ýurduň hojalyk taraplarynyň arasynda kooperasiýanyň giňeldilmegine uly ähmiýet berilýär.

Türkmenistanyň hem-de Russiýanyň döwlet düzümleriniň, hususy kompaniýalarynyň wekilleriniň şu gün geçirilen ikitaraplaýyn duşuşyklarynyň barşynda netijeli işewür gatnaşyklary ýygjamlaşdyrmaga özara gyzyklanma tassyklanyldy. Dostlukly ýurduň işewürleri iri möçberli milli taslamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmaga taýýardyklaryny aýdyp, dürli pudaklarda özara hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek boýunça anyk tekliplerini beýan etdiler.

Umuman, Söwda we maýa goýum hyzmatdaşlygyna ýardam bermek boýunça Ýokary derejedäki toparyň çäklerinde amala aşyrylýan bilelikdäki işler taraplaryň gazanan ylalaşyklaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmäge hem-de hyzmatdaşlygy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek üçin täze görnüşleri we serişdeleri işläp taýýarlamaga ýardam edýär.

Nobatdaky bäşinji duşuşygyň netijeleri boýunça Teswirnama gol çekmek göz öňünde tutulýar. Onda ykdysadyýetiň dürli ulgamlarynda türkmen-rus aragatnaşyklaryny has-da berkitmegiň esasy ugurlary kesgitleniler.(TDH)



Degişli Habarlar