Türkmen zenanlary döwlet Baştutanymyzyň adyndan pul sowgadyny alarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi

920560
Türkmen zenanlary döwlet Baştutanymyzyň adyndan pul sowgadyny alarlar

Resminama laýyklykda, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli kärhanalarda, edaralarda we guramalarda işleýän aýal-gyzlara, pensiýa we döwlet kömek puluny alýan aýal-gyzlara, önümçilikden aýrylmak şerti bilen aspiranturada, doktoranturada we kliniki ordinaturada okaýan aýal-gyzlara, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň iki okuw ýylyndan az bolmadyk möhletli okuwlarynyň diňleýji aýal-gyzlaryna, talyp gelin-gyzlara, orta mekdeplerde okaýan we mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýelenýän gyzlara 2018-nji ýylyň 1-6-njy marty aralygynda Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Halkara zenanlar güni mynasybetli 40 manat möçberde pul sowgatlaryny dabaraly ýagdaýda gowşurmak bellenildi.



Degişli Habarlar