TOPH taslamasynyň Owganystandaky böleginiň gurluşygy 23-nji fewralda başlar

Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) tebigy gaz turba geçiriji taslamasynyň Owganystandaky böleginiň gurluşygy 23-nji fewralda başlar

913312
TOPH taslamasynyň Owganystandaky böleginiň gurluşygy 23-nji fewralda başlar

TOPH taslamasynyň Owganystandaky böleginiň gurluşygy bilen baglanşykly taýarlyklar Türkmenistanyň hökümediniň giňeldilen maslahatynda ara alynyp maslahatlaşyldy.

Ýerli medianyň berýän habaryna görä şol gün Türkmenistan-Owganystan-Pakistan energetika liniýasynyň gurluşygyna hem badalga beriler.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdunyň TOPH tebigy gaz turba geçiriji taslamasynyň ýanynda esasan hem energetika we telekommunikasiýa, transport we aragatnaşyk ugurlarynda möhüm taslamalary durmuşa geçirmäge taýarlanýandygyny belledi.

Türkmen lider: “23-nji fewralda hyzmatdaşlyk edýän beýleki ýurtlaryň liderleri bilen türkmen gazyny Aziýa ýurtlaryna ýetirjek TOPH taslamasynyň gurluşygyna badalga bermegimiz garaşsyz we özbaşdak döwletimiziň taryhyna altyn harplar bilen ýazylar” diýdi.



Degişli Habarlar