Türkiye Ysraýyla garşy eksport çäklendirmesini girizdi

Türkiye 54 önüm topary boýunça Ysraýyla garşy eksport çäklendirmesini girizmek barada karar kabul etdi

2126177
Türkiye Ysraýyla garşy eksport çäklendirmesini girizdi

Türkiyäniň Söwda ministrligi tarapyndan mesele bilen bagly berilen beýanatda, Ysraýyla garşy çäklendirme kararynyň gurluşyk demirinden başlap tekiz polada çenli, mermerden başlap keramika çenli bolan önüm toparlarlaryny öz düzüminde jemleýändigi habar berildi. 

Beýanatda: "Türkiye 2024-nji ýylyň 9-njy aprelinden başlap käbir önümleriň Ysraýyla garşy eksport çäklendirmesini girizmek barada karar kabul etdi. Kararyň düzgüni ministrlik tarapyndan ýerine ýetiriler. Ysraýyl Gazada tiz wagtda ot açmazlyk ýaraşygyny yglan edýänçä çenli we ýeterlik derejede, arakesmesiz ýagdaýda ynsanperwer kömek ýetirilýänçä çenli kesgitlenen çäklendirmeler dowam eder" diýip mälim edildi. 



Degişli Habarlar