Türkiýeden Yraga Möhüm Sapar Guralar

Hakan Fidan, Milli Goranmak ministri Güler we Milli howpsuzlyk gullugynyň başlygy Kalyn şu gün iş sapary bilen Yraga gider.

2115120
Türkiýeden Yraga Möhüm Sapar Guralar

Daşary işler ministri Hakan Fidan, Milli Goranmak ministri Ýaşar Güler we Milli howpsuzlyk gullugynyň başlygy Ibrahim Kalyn şu gün iş sapary bilen Yraga gider.

Daşary işler ministrliginden berlen ýazmaça beýannama görä, Hakan Fidan, Türkiýe bilen Yragyň arasynda geçirilýän howpsuzlyk gepleşiklerine gatnaşmak üçin Bagdada gider.

Yraga gitjek resmi wekiliýetde, Hakan Fidan bilen birlikde Milli Goranmak ministri Ýaşar Güler we Milli howpsuzlyk gullugynyň başlygy Ibrahim Kalyn we Içeri işler ministriniň orunbasary Münir Karaloglu ýer alýar.

Saparyň çäginde terrora garşy göreş, howpsuzlyk we özara harby hyzmatdaşlyk meselesi ara alnyp maslahatlaşylar.

 



Degişli Habarlar