Türkiyäniň Daşary işler ministri ABŞ-na resmi sapar gurar

Türkiyäniň Daşary işler ministri Hakan Fidan ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinkeniň çakylygyna laýyklykda 7-8-nji mart günleri ABŞ-da resmi saparda bolar

2111502
Türkiyäniň Daşary işler ministri ABŞ-na resmi sapar gurar

Diplomatik çeşmelerden alynan maglumata görä Hakan Fidanyň saparynyň çäginde geçiriljek 7-nji Türkiye-ABŞ Strategik mehanizm maslahatynyň çäginde, taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň gerimi degişli guramadyr-edaralaryň gatnaşmagynda giňişleýin ara alyp maslahatlaşarlar. 

Taraplar möhüm global we sebitleýin wakalar barada pikir alyşarlar. 

Hakan Fidanyň Waşingtona gurajak saparynda ABŞ-nyň senadynyň agzalary bilen duşuşyk geçirmegine we ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeniň Milli Howpsuzlyk boýunça maslahatçysy Jeýk Salliwan bilen duşuşyk geçirmegine garaşylýar. 

Hakan Fidan saparynyň çäginde şeýle hem analitik merkezleriniň çärelerine gatnaşar.


Etiketkalar: #Hakan Fidan , #ABŞ , #sapar , #Türkiye

Degişli Habarlar