Antalýa diplomatiýa forumy 1-3-nji mart aralygynda geçiriler

Antalýa diplomatiýa forumy 1-3-nji mart aralygynda "Krizisler döwründe diplomatiýany öňe çykarmak" temasy bilen geçiriler

2105036
Antalýa diplomatiýa forumy 1-3-nji mart aralygynda geçiriler

Türkiyäniň Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Önjü Keçeli, X sosial media hasabyndan Antalýa diplomatiýa forumy bilen bagly beýannama berdi. 

Önjü Keçeli 1-3-nji mart aralygynda geçiriljek Antalýa diplomatiýa forumynyň bu ýylky temasynyň "Krizisler döwründe diplomatiýany öňe çykarmak" boljakdygyny habar berdi. 

Önjü Keçeli Antalýa diplomatiýa forumynda global meselelerden sebitleýin hadysalara, biri-birinden tapawutly ugurlar boýunça 50 aýry paneliň geçiriljekdigini belläp: "20-nji fewraldaky maglumatlara görä 22 döwlet we hökümet baştutany bilen 60 aýry durduň daşary işler ministrleri bolmak bilen takmynan 80 myhmanyň foruma gatnaşmagy göz öňünde tutulýar" diýip mälim etdi. 

Şol sanyň has hem artjakdygyny aýdan Önjü Keçeli, ýaşlardan, jemgyýetçilik pikirleriň liderlerinde, akademiklerden we halkara guramalaryň wekillerinden ybarat ýüzlerçe myhmanyň Antalýa diplomatiýa forumyna gatnaşjakdygyny aýan etdi. 



Degişli Habarlar