Saýlawyň Netijesi Doganlyk Ýurt Azerbaýjan Üçin Düşümli Bolsun
Daşary işler ministrligi, Azerbaýjanda geçirlen prezident saýlawy hakynda ýazmaça beýannama berdi.
Türkiýe, prezident saýlawynyň Azerbaýjanda basyp alyşlykdan halas edilen sebitler bilen birlikde asuda ýagdaýda geçirilmegine kanagatlanma bildirýändigini mälim etdi.
Daşary işler ministrligi, Azerbaýjanda geçirlen prezident saýlawy hakynda ýazmaça beýannama berdi.
Beýannamada, saýlawyň netijesiniň doganlyk ýurt Azerbaýjan üçin düşümli bolmagy dilendi.
Beýannamada, “Saýlawlaryň basyp alyşlykdan halas edilen sebitler bilen birlikde tutuş Azerbaýjanda asuda ýagdaýda geçirilmegine kanagatlanma bildirýäris” diýildi.
Azerbaýjanda düýn geçirlen saýlawda 4 million 971 müň saýlawçy ses berdi. Saýlawa bolan gatnaşygyň 76,73 göterimdigi beýan edildi.
Saýlawda sesleriň 92,1 göterimini alan İlham Aliýew gaýtadan bu wezipä saýlandy.
Degişli Habarlar
Numan Kurtulmuş Eýranly Kärdeşine Gynanç Bildirdi
Kurtulmuş, Eýranyň Mejlisiň Başlygy Kalibaf bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.