“Gaza Söweş Meýdanyna Öwrüldi”

Hakan Fidan, BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşinde geçirlen Palestina temaly maslahata gatnaşdy.

2092639
“Gaza Söweş Meýdanyna Öwrüldi”

Daşary işler ministri Hakan Fidan, “Gazada dowam edýän söweş ne parahatçylyk ne-de boýun egilşik getirer. Bu söweşy bes etmek üçin taryhy jogapkärçiligimiz bar” diýdi.

Hakan Fidan, BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşinde geçirlen Palestina temaly maslahata gatnaşdy.

Halkara jemgyýetçiliginiň Gazada we Günbatar Şeriýada guralýan hüjümleriň bes edip bilmändigini aýdan Fidan, “Gaza açyk howa tussaghanasydy. İndi bolsa Ysraýylyň Premýer-ministriniň syýasy gelejegini uzatmak maksady bilen harby operasiýalar geçirip asuda ilaty gyrgyna berýän söweş meýdanyna öwrüldi” diýdi.

Fidan, “Ysrýyl harby jenaýat edýär. Halkara hukuga we düzgünlere esaslýan ulgama ýaňadandan ynam bildirilmegini isleýän bolsak, jogapkärleri jerimesini çekmeli. Ysraýylyň Gazada edýän harby jenaýatlarynyň genosid derejesine ýetendigi baradaky habarlara uly alada bildirýäris”diýdi.

Düýn howply diýýänimiz şu günki günde hakykat boldy. Gyzyl deňizde, Ýemende, Liwanda, Yrakda, Siriýada, Eýranda we Pakistanda başdan geçirlen soňky wakalar aladalandyryjy. Bu dartgynlygyň geosyýasy çykgyzsyzlyga öwrülmek howpy bar” diýen Hakan Fidan, “Ysraýyla we tarapdarlaryna dartgynlygyň diplomatiýa arkaly çözülmegi üçin çagyryş berdi.

Daşary işler ministri Fidan “Gazada dowam edýän söweş ne parahatçylyk ne-de boýun egilşik getirer. Bu söweşy bes etmek üçin taryhy jogapkärçiligimiz bar” diýdi.


Etiketkalar: #BMG , #Gaza , #Hakan Fidan

Degişli Habarlar