“Howpsuzlyk Güýçlerimize Terrorçylary Ýok Etmekleri Barada Görkezme Berdik”

Prezident Erdogan, Ministrler kabinetiniň mejlisinden soň metbugata beýannama berdi.

2089511
“Howpsuzlyk Güýçlerimize Terrorçylary Ýok Etmekleri Barada Görkezme Berdik”

Prezident R. T. Erdogan, “Howpsuzlyk güýçlerimize, arkasynda kimiň bardygyna garamazdan ähli terrorçylary ýok etmekleri barada görkezme berdik” diýdi.

Prezident Erdogan, Ministrler kabinetiniň mejlisinden soň metbugata beýannama berdi.

Türkiýäniň terror guramalaryna garşy alyp barýan egilşiksiz göreşiniň sebitde terror döwletini gurmagy meýilleşdirýänleri biynjalyk edýändigini aýdan Erdogan, “Ekstremist terror guramasy PKK-a ýarag we harby enjam kömegini berýän we olara tälim berip täsirini güýçlendirmek tagallalarynyň depgini güýçlendi” diýdi.

Serhetaşa operasiýalaryň Türkiýäni bikanun göç tolkuny bilen içerde durnuksyzlyk emele getirmek isleýänleriň arzuw-hyýallaryny puja çykarandygyny ýatladan Erdogan, “Howpsuzlyk güýçlerimize, arkasynda kimiň bardygyna garamazdan ähli terrorçylary ýok etmekleri barada görkezme berdik” diýdi.

“İmperýalistleriň Yrakda we Siriýada terror döwletini gurmak meýilnamasy stoluň başynda mahaly hiç kim özüni howpsuz duýup bilmez” diýen Prezident Erdogan, “Terrora garşy göreşde ýakynda kimiň näme diýendigine we hemlelerine garamazdan täze başlangyçlar ederis. Terroryň merkezine öwrülen Yragyň demirgazygyndaky daglary terrordan saplaýançak şol sebitde operasiýalarymyz dowam eder” diýdi.

 



Degişli Habarlar