MGM: "Täsirsiz ýagdaýa getirilen terrorçylaryň sany 2021-e ýetdi" diýdi
Türkiyäniň Milli Goranmak ministrligi 81-i soňky bir hepdede bolmak bilen şu ýylyň başyndan bäri täsirsiz ýagdaýa getirilen terrorçylaryň sanynyň 2021-e ýetendigini habar berdi
Milli Goranmak ministrligi Hepdelik metbugat ýygnagynda terrora garşy göreş we gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýannama berdi.
Yragyň we Siriýanyň demirgazygynda ýerleşýän terrorçylara degişli ýerlere garşy geçirilen howa hüjümleri bilen, aralarynda guramanyň jogapkär derejede bolan terrorçylar hem bolan gowaklardan, gaçybatalgalardan, nebit desgalaryndan we ammarlardan ybarat jemi 71 nyşana ýok edildi, 59 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.
Şeýlelik bilen şu ýylyň başyndan bäri täsirsiz ýagdaýa getirilen terrorçylaryň sany 2021-e ýetdi.
Degişli Habarlar
Hakan Fidan, ABŞ-nyň Döwlet Sekretary Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Fidan bilen Blinken Gazada we Ukrainada başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda pikir alyşdy.
Ýene-de 12 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Soňky terrorçy ýok edilýänçä terrora garşy egilşiksiz göreş dowam eder”