“Egeý Deňiziniň Parahatçylyk we Hyzmatdaşlyk Deňizine Öwrülmegini Isleýäris”

Prezident R. T. Erdogan, Egeý deňiziniň parahatçylyk we hyzmatdaşlyk deňizine öwrülmegini isleýändiklerini aýtdy.

2073929
“Egeý Deňiziniň Parahatçylyk we Hyzmatdaşlyk Deňizine Öwrülmegini Isleýäris”

Resmi sapar bilen Gresiýa giden Erdogan, paýtagt Afinida Gresiýanyň Premýer-ministri Kiriýakos Mikotakis bilen bolan duşuşygyndan soň metbugata beýannama berdi.

Iki ýurduň arasyndaky meseleleri, halkara hukuk kadalaryna laýyklykda gepleşik arkaly çözmegi arzuw edýändiklerini aýdan Erdodan, Mikotakis bilen Egeýdäki we Gündogar Ortaýer deňizindäki pozisiýalar hakynda pikir alyşandyklaryny beýan edi.

Kipr meselesiniň adadaky hakykatlara laýyklykda adalatdaly we birsydyrgyn çözülmeginiň bütin sebit üçin bähbitli boljakdygyny nygtan Erdogan; “Biz Egeýi parahatçylyk we hyzmatdaşlyk deňizine öwürmek isleýäris. Türkiýe we Gresiýa bilelikde etjek başlangyçlary bilen bütin dünýä görelde bolup biler. Aç-açan aýdasym gelýär, esasy maksada gönügeliň, deňizi geçip çeşmeden gark bolmalyň” diýdi.

Terrorizme garşy göreşde hyzmatdaşlyk hakynda-da durup geçen Prezident Erdogan, Lawrion düşelgesiniň ýapylmagy barasynda Gresiýanyň terrorçylara gaçybatalga mümkinçiligini döredýän şeýle düşelgeleriň emele gelmezligi üçin ünsli çemeleşmelidigini nygtady.

Azlyklaryň asudalygynyň we abadançyklygynyň ýokarlamagynyň iki ýurduň gatnaşyklaryna oňyn täsir ýetirjekdigini beýan eden Erdogan, Günbatar Frakiýadaky türk azlygynyň ýagdaýynyň halkara hukukdan gelip çykýan borçlara laýyklykda gowulandyrylmagyna garaşýandyklaryny beýan edendigini nygtady.



Degişli Habarlar