Ýene-de 2 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi

Täsirsiz ýagdaýa getirlen terrorçylardan biriniň gyzyl sanawda gözlenýändigi anyklandy.

2072139
Ýene-de 2 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi

Mardinde ekstemist terror guramasy PKK-a agza 2 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Täsirsiz ýagdaýa getirlen terrorçylardan biriniň gyzyl sanawda gözlenýändigi anyklandy.

Mardiniň Dargeçit etrabynda terrorçylary alyp barýan ulag ýaragly uçarmansyz howa ulagy tarapyndan yzarlanmaga başlandy.

Dargeçit-Midýat garaýolunyň ugrundaky benzin bekedine baran ulagdaky terrorçylar howpsuzlyk güýçlerine ot açdy.

Howpsuzlyk güýçlerinden halas bolup bilmejekdiklerine göz ýetiren terrorçylar öz janlaryna kast etdi.

İçeri işler ministri Ali Ýerlikaýa, täsirsiz ýagdaýa getirlen terrorçylardan Orhan Elmanyň, gyzyl sanawda gözlenýändigini mälim etdi.

Ministr Ýerlikaýa, terrorçy Elmanyň 5 adamyň şehit bolmagyna, 12 adamyň ýaralanmagyna sebäp bolan 4 aýry hüjüme gatnaşandygynyň anyklanylandygyny ýatlatdy.

 



Degişli Habarlar