Kurtulmuş: "Ysraýyl sözüň doly manysynda genosid edýär" diýdi

Türkiyäniň Beýik Millet Mejlisiniň (TBMM) başlygy Numan Kurtulmuş, Ysraýylyň Palestinada edýänleriniň sözüň doly manysynda gyrgynçylyk we genositdigini habar berdi

2063833
Kurtulmuş: "Ysraýyl sözüň doly manysynda genosid edýär" diýdi

TBMM-niň başlygy Numan Kurtulmuş Antalýada Welaýat müftileriniň geňeşmeler maslahatynda söz sözledi.  

"Ysraýylyň şu günki gün Palestinada edýänleri sözüň doly manysynda gyrgynçylykdyr we genositdir" diýip aýdan Numan Kurtulmuş, Ysraýylyň uly harby güýji bilen birlikde ABŞ-dan we Ýewropadan hem goldaw alandygyny habar berdi. 

"Meniň pikirimçe Ysraýylyň iň uly güýji bular däl. Ysraýylyň iň uly güýji Yslam dünýäsiniň umytsyzlygy, bulam-bujarlygy we Yslam dünýäsiniň içindäki şol ýagdaýdyr" diýip aýdan TBMM-niň başlygy Numan Kurtulmuş: "Ysraýylyň gyrgynçylyklarynyň öňünde ähli zatdan we her kimden ozal öz-özüňi tankytlamaly bolan, berk oýlanmaly bolan bizdiris" diýip mälim etdi. 

7-nji oktýabrdan bäri Ysraýylyň Gaza garşy guraýan hüjümlerinde ýogalanlaryň sanynyň 11 müň adamdan geçendigi aýan edildi. 



Degişli Habarlar